Türkmenistanyň we Owganystanyň wekilleri energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
15:47 04.07.2025 3009
3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäginde ykdysady meseleler boýunça Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Abdul Gani Baradar bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk pudagyndaky wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Energetika, ulag-aragatnaşyk hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) elektroenergetiki we optiki süýmli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy bilen bagly birnäçe soraglara garaldy.
Gahryman Arkadagymyz: Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze derejä çykdy
18-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Dünýä boýunça nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi - HEA
OPEC+ ýurtlary tarapyndan nebit çykarylyşynyň artmagy, şeýle hem birnäçe sebitlerde tehniki hyzmat senagatynyň düýpli dikeldilmegi netijesinde dünýä boýunçe nebit ibermeleri iýul aýynda pandemiýadan soňky iň ýokary çägine ýetdi diýip, Interfaks Halkara energetika agentliginiň her aýlyk hasabatyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Tatarystanyň Baştutanyny Aşgabatda geçiriljek Halkara foruma çagyrdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygynda ony ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek foruma çagyrdy diýip, TDH habar berýär.
«Türkmennebit» DK ugurdaş gazyň köpçülikleýin ýitgisini azaltmaga ýykgyn edýär
«Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenistanyň Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda nebit guýularyndan ugurdaş gazlaryny toplap, onuň köpçülikleýin ýitgisiniň öňüni almak ugrunda iş alyp barýar.
26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler
Aşgabatda 26-27-nji oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2022» XXVII Halkara maslahaty geçiriler. Forumyň guramaçylary hökmünde «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldawynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler diýip, guramaçylaryň saýtynda bellenilýär.