Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Azerbaýjana sapary tamamlandy
13:37 19.07.2025 3526
17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi diýip, TDH habar berýär.
Fizuli Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew garşylady. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz şekil taslamalarynyň üsti bilen Azerbaýjanyň Fizuli, Laçyn we Zangilan Halkara howa menzilleri bilen tanyşdyryldy. Agzalan howa menzilleri ýurduň ulag infrastrukturasyny ösdürmäge goşant goşýan döwrebap desgalardyr. Fizuli howa menzili 2021-nji ýylda, Laçyn howa menzili 2022-nji ýylda, Zangilan howa menzili bolsa 2023-nji ýylda açylyp ulanmaga berildi.
Howa menzili bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Prezident Ilham Aliýew bilelikde awtoulagda Şuşa şäherine ugradylar. Ýol ugruna ýörite gurnalan ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň Agdam, Fizuli we Hojawend etraplary boýunça ýörite wekili Milli Liderimizi Fizuli şäherinde amala aşyrylýan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdyrdy.
Saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Ilham Aliýew Şuşa şäherinde ýerleşýän Göwher Aga metjidine geldiler. Metjitde türkmen we azerbaýjan halklarynyň hemişe parahat, abadan durmuşda ýaşamaklary üçin doga-dilegler edildi.
Metjit bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz we Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilelikde Mehmandarowlaryň öý-muzeýine bardylar. Mehmandarowlaryň öýi köşk görnüşli ýaşaýyş toplumy bolup, Azerbaýjanyň XVIII asyr binagärliginiň özboluşly nusgalarynyň biridir.
Saparynyň ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Jydyr düzüne bardylar. Bu ýerde dostlukly ýurduň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi garabag atlarynyň özboluşly tanyşdyrylyşyna öwrüldi.
Jydyr düzünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa belent hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garabag tohumyndan bolan Dostluk atly bedew sowgat berildi. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlyk bildirip, bu sowgady mizemez türkmen-azerbaýjan dostlugynyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýtdy.
Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fizuli Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady. Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.