«Ýaşyl» başlangyçlar — rowaç geljegiň binýady
04:10 29.07.2025 2362
«Ýaşyl» ykdysadyýet — bu durnuklylyk ýörelgelerine esaslanýan we daşky gurşawa ýetýän täsiri azaltmaga, çäklendirilmedik ykdysady ösüşde çäkli tebigy çeşmeleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we durmuş taýdan deňligi öňe sürmäge çalyşýan ykdysady ösüş çemeleşmesidir. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçiş daşky gurşawa zyýan bermezden, uzak möhletli ykdysady ösüşi gazanmagy maksat edinýär. Gün tertibi — 2030-a ýetmekde «ýaşyl» ykdysadyýete geçmek esasy ýolgörkeziji bolup durýar.
2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň Pariž ylalaşygyna gol çekilmegi bilen, Ýer ýüzünde resurslary ulanmagyň netijeliligi ýokarlanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine çekilýän maýa goýumlaryň gerimi giňeýär we daşky gurşawa zyýansyz tehnologiýalar ornaşdyrylmaga başlanýar. Pariž ylalaşygynyň maksady Ýer ýüzünde howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny ortaça 1,5 — 2oC℃ derejede saklamakdan, esasan, kömürturşy gazynyň zyýanly täsirlerine garşy göreşmekden ybarat bolup durýar. Türkmenistan bu ylalaşygy 2016-njy ýylyň oktýabrynda kabul edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyz «ýaşyl» geljek üçin ählumumy tagallalary durmuşa geçirmekde sebitde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasyndaky çykyşynda: «Garaşsyz döwletimiziň elektrik energetikasy pudagyna köp möçberde maýa goýumlar gönükdiriler. Türkmen energiýa serişdelerini daşarky bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek üçin elektrik energiýasynyň öndürilişi artdyrylar we ony ibermegiň ulgamy kämilleşdiriler. Geljekde ýurdumyzda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, şol sanda Gün batareýalaryny öndürmegi giňden ýola goýmak we ornaşdyrmak hem meýilleşdirilýär» diýip nygtamagy milli ykdysadyýetimiziň energetika pudagyna aýratyn üns berilýändigine, alternatiw hem-de energetika serişdeleriniň görnüşlerini ikilenç peýdalanmagyň gerimini giňeltmegiň, energiýany tygşytlaýjy we innowasiýa tehnologiýalaryny işläp taýýarlamagyň, durmuşa ornaşdyrmagyň esasynda tebigy energiýa serişdeleriniň tygşytlylygyny, ygtybarlylygyny üpjün etmegiň maksat edilýändigine şaýatlyk edýär. Durmuş ulgamynyň ozaldan hem birnäçe halkara guramalarynyň agzasy bolan ýurdumyz 2018-nji ýylyň oktýabrynda Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) agzalygyna kabul edildi. Bu halkara gurama bilen gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň çäklerinde geçirilmeli çäreleriň meýilnamasy ylalaşylyp, göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek üçin degişli işler yzygiderli alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň howa şertlerine laýyklykda, Gün we ýel energiýasyny ösdürmegiň mümkinçiligi örän uludyr. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde Gün we ýel potensialy boýunça ikinji orunda durýar.
Soňky döwürlerde dünýäde has köp üns berlip ugralan «ýaşyl» energiýa — bioýangyç we bioetanoldyr. Bularyň gazylyp alynýan ýangyçlaryň ornuny tutup biljekdigi çaklanylýar. Bioýangyç biologik galyndylary gaýtadan işlemek arkaly alynýan çig mal bolup durýar. Bioenergetika nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda hem täze gözlegler geçirilýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we beýleki degişli edaralaryň hünärmenleri tarapyndan bu ugurda saldamly işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda alymlar suwotulary ulanmak arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýany öndürmek hem-de lagym we zeýkeş suwlaryny arassalamak maksady bilen durmuşa geçirip boljak işleriň mümkinçiliklerine garaýarlar.
«Ýaşyl» ykdysadyýete geçmekde Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy babatda hem uly öňegidişligi gazandy. Dünýäniň ösen döwletleriniň iň häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak, netijede, galyndysyz, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän önümçiligi gazanmagy maksat edinýän ýurdumyzyň ykdysady strategiýasy özüniň oňyn netijesini berýär.
Orazgeldi SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Daşky gurşawy goramak,
tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.