Serdar Berdimuhamedow Awazada birnäçe döwletleriň Baştutanlary we wekiliýet ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi

17:52 06.08.2025 2056

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14693/original-1689324e873187.jpg

5-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde daşary ýurtlaryň Baştutanlary we wekiliýet agzalary bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Şol gün myhmana “Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin” Türkmenistanynyň ordeni gowşuryldy. Duşuşykda goňşy ýurtlaryň biri-birini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändigi, oba hojalygy, energetika, nebit-gaz senagaty, ulag we energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýändigi bellenildi.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen geçirilen duşuşykda söwda dolanyşygynyň artýandygy we sebit hem-de ählumumy meselelerde garaýyşlaryň gabat gelýändigi nygtaldy. Söwda, ulag, energetika we ekologiýa ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlyk tassyklandy.

Tajigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Adylbek Kasymaliýew bilen durnukly ulag ugurlaryny ösdürmek meseleleri gürrüň edildi.

Eswatini Patyşasy Mswati III bilen duşuşygyň netijesinde iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy barada Protokola gol çekildi. Patyşa Türkmenistany BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanmagy bilen gutlady.

Liwiýanyň Prezident Geňeşiniň başlygy Muhammet Ýunus Menfi bilen nebitgaz pudagyny hem öz içine alýan hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen duşuşykda ulag-logistika ugurlarynda işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Türkmen tarapy “Gara deňiz – Hazar deňzi” we “Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe” ýaly möhüm geçelgeleri ösdürmäge gyzyklanma bildirdi.

Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow bilen duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Russiýa, Hytaý we Eýran wekilleri bilen geçirilen duşuşyklar bu ýurtlar bilen strategik hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady.

Russiýanyň Hökümetiniň Premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Patruşew bilen geçirilen duşuşykda ulag, energetika, senagat we ynsanperwer gatnaşyklary ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk bellenildi.

Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Wan Ýun bilen duşuşykda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, parlamentara gatnaşyklarynyň we energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtady.

Eýranyň birinji wise-prezidenti Mohammad Reza Aref bilen energetika, ulag, gurluşyk we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine garaldy.

Geçirilen duşuşyklar dostlukly we netijeli ýagdaýda geçip, Türkmenistanyň durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda tagalla edýändigini ýene bir gezek tassyklady. Maslahata gatnaşanlar Awazada geçirilýän BMG maslahatynyň mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy ilerletmäge güýçli itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Başga makalalar
164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.