Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady

21:30 22.08.2025 2164

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/14837/original-168a856f6abfe9.jpg

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy. 

Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň  baş şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

Başga makalalar
164d5eaf579f7d.jpg
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy

2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.


164d5ea8cb3f0d.jpg
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi

«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.


1685ce39cb1ef8.jpg
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.