Türkmenistanyň Prezidenti we BMG-niň Baş sekretary strategik hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
16:10 24.09.2025 2822
23-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Antoniu Guterriş şu gezekki duşuşyga Türkmenistanyň BMG bilen möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygynyň özboluşly dowamy hökmünde garaýandygyny aýtdy hem-de sebit we ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine ýurdumyzyň goşýan goşandyny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady.
“BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitarap döwlet bolmak bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde işjeň syýasaty alyp barýar, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen uzak ýyllaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirýär” diýip, döwlet Baştutany belledi.
Döwlet Baştutany mysal hökmünde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny görkezdi.
Antoniu Guterriş bu maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistana hoşallyk bildirip, forumyň we onuň dowamynda kabul edilen resminamalaryň BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň meselelerini çözmek boýunça alyp barýan işinde täze tapgyry açandygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Awaza syýasy Jarnamasynyň we Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini gazanmagy maksat edinýändigini aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, ýurdumyz sebitiň döwletleri bilen ählumumy parahatçylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň bähbidine hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyr. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan soňky ýyllarda öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek babatda netijeli işler alnyp baryldy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri döredildi we anyk işler durmuşa geçirildi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini, bu wakanyň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini aýtdy we Antoniu Guterrişi şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
BMG-niň Baş sekretary çakylyk üçin hoşallyk bildirip, baý taryhy we özboluşly medeni mirasy bolan Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de dünýä giňişliginde parahatçylyk taglymlaryny ilerletmekde möhüm ornuny belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ygtybarly, jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrmagy we giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, ýurdumyz bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandy üçin Baş sekretara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
2023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.
Azerbaýjan Türkmenistanyň sargydy boýunça suwasty turbageçiriji çekdi
«Azerbaýjan hazar deňzi gämiçili» (ASCO) ÝGPJ degişli bolan «Suleýman Wezirow» gämi-turba geçiriji Hazar deňzinde Lam and Zhdanov nebit käninde suwasty turba geçirijiniň gurluşygyny tamamlady. Işler Türkmenistanyň sargydy boýunça ýerine ýetirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Aşgabat şäherine sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.W.Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.