OPEC+ duşuşygynyň öňüsyrasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, «Brent» 65,58 dollara ýetdi

02:47 03.03.2021 36112

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/1753/original-1603c91ae77d40.jpeg

Duşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar. Şeýle hem şu hepdede nebit bazary OPEC+ ýurtlarynyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap nebit çykarylyşynyň derejesi baradaky täze çözgütlerine garaşýar, diýip Interfaks habar berýär.

Döwletleriň ministrleriniň derejesinde OPEC+ mejlisi 4-nji martda geçiriler. Onuň öňüsyrasynda (2-nji mart) OPEC+ tehniki komitetiniň duşuşygy we ministrler gözegçilik komitetiniň (JMMC, 3-nji mart) duşuşyklary bolar. Şol duşuşyklaryň barşynda adatça OPEC+ ýurtlarynyň ähli ministrleri üçin maslahatlar işlenip düzülýär.

Treýderleriň çaklamagyna görä, OPEC+ önümçiligi artdyrmak hakynda karar kabul ederler, emma artdyrmagyň näderejede ýokary boljakdygyny anyk aýdyp bilmeýärler.

«OPEC+ mejlisi örän möhümdir» — diýip, CMC Markets Asia Pacific kompaniýasynda nebit bazarynda strategiýa jogap berýän Maýkl Makkarti aýtdy. «Nebit bazary OPEC+ tarapyndan nebit çykarylyşyny birsydyrgyn artdyrmak depginini saklan ýagdaýynda oňyn ösüşini saklap galyp biler. Aşa köp artdyrmaklyk ýakyn geljek üçin onuň mümkinçiliklerini ýaramazlaşdyryp biler» diýip Bloomberg agentligi bilermeniň sözlerini getirýär.

«Brent» söwda belgili nebitiň maýdaky fýuçersleriniň bahasy duşenbe güni 65,58 dollara ýetdi, deslapky sessiýa garanyňda ol 1,8% gymmatlady.

«WTI» nebitiniň bahasy 62,5 dollara barabar bolup, 1,63% gymmatlady.

Fewral aýynda «Brent» hem-de «WTI» 18% gymmatlady.

Başga makalalar
1617150c699142.jpeg
Nebitiň bahalary ýakynda gymmatlamadan soň, arzanlap başlady, Brent – 85,68

21-nji oktýabrda söwdalaryň dowamynda nebitiň bahalary arzanlap başlady diýip, Interfaks habar berýär.


16065d2d85905f.jpeg
Gazagystanly senator Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmegi teklip edýär

Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň portlarynda Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmek gerek. Senatyň deputaty Suindik Aldaşew şeýle pikir edýär. Muny Interfaks – Gazagystan habar berýär.


15f1a9e07a2a20.jpeg
Azerbaýjan we Indoneziýa energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär

«Azerbaýjanyň we Indoneziýanyň energetika ministrlikleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmäge taýýar edildi. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pärwiz Şahbazowyň Indoneziýanyň öňki ilçisi Husnan Beý Fanani bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda bellenilip geçildi, diýip Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.


16065d2d85905f.jpeg
Kazakh senator proposes to create a marine rescue service to clean up the Caspian Sea from oil spills

In the ports of the Mangystau region of Kazakhstan, it is necessary to create a marine rescue service to clean the Caspian Sea from oil spills, deputy of the Senate Suindik Aldashev believes, INTERFAX-KAZAKHSTAN reports.


1617150c699142.jpeg
Oil prices decrease moderately after rising the day before, Brent - $85.68 per barrel

Oil prices during trading on Thursday, October 21, moderately decline after rising the day before, Interfax reports.