Gazagystanly senator Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmegi teklip edýär
16:56 02.04.2021 37338
Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň portlarynda Hazary nebit tegmillerinden arassalamak boýunça halas ediş gullugyny döretmek gerek. Senatyň deputaty Suindik Aldaşew şeýle pikir edýär. Muny Interfaks – Gazagystan habar berýär.
«Hazar deňziniň gazagystan böleginiň ägirt uly çäklerini nazara alyp, ýetirilýän zyýanlary azaltmak, şeýle hem deňizde iri möçberli adatdan daşary ýagdaýlaryň çägini azaltmak üçin mümkin bolan öňüni alyş çärelerini görmek boýunça Mangistau welaýatynyň deňiz portlarynda gazagystan deňiz halas ediş gullugyny döretmek zerur» - diýip, Aldaşew senatyň penşenbe güni geçirilen plenar mejlisinde belledi.
Onuň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda Hazar deňziniň gazagystan böleginde 15 mln tonna nebit çykarylyp, şolardan 2,2 mln tonnasy Aktau portunyň üsti bilen eksport edildi. Şonuň bilen birlikde 2020-nji ýylda Aktau we Kuryk portlaryna gämiler 1 müň 283 gezek girdiler, garaşylyşy ýaly, 2025-nji ýyla çenli bu görkeziji iki esse artar. Şunuň bilen baglylykda, Aldaşewiň pikiriçe, Hazaryň hapalanmak howpy ýokarlanýar.
«Hazar deňziniň hapalanmagynyň esasy howpy — çykarylanda we iberilende nebitiň hem-de nebit önümleriniň dökülmegi. Tegmilleri ýüze çykaryp, olary ýok etmeklik deňziň hapalanmagynyň öňüni almak üçin düýpli guramaçylyk, tehniki we tehnologiki tagallalary talap edýär» — diýip ol belledi.
Senatoryň aýtmagyna görä, häzirki wagtda Gazagystanda bellenilen tertipde sertifikatlaşdyrylan, ýörite enjamlar, materiallar hem-de ýeterlik mukdarda tejribeli we hünär taýýarlykly halas ediji hünärmenler bilen üpjün edilen edaralar ýok. Ýurduň adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş ulgamynda bar bolan düzümler we serişdeler, şol sanda dessin halas ediş düzümleri bu hili wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyply däl.
«Bu gullugyň adatdan daşary halas ediş, suwasty, suwa girmek üçin buksirowka we beýleki döwrebap tehniki serişdeler bilen üpjün edilen hünär taýýarlykly hünärmenlerden ybarat boljakdygyna hem-de ýurtda Hazar deňzinden peýdalanmaklygyň howpsuzlygyna uly goşant goşjakdygyna umyt bildirýäris» - diýip deputat sözüni jemledi.
Nebitiň bahalary ýakynda gymmatlamadan soň, arzanlap başlady, Brent – 85,68
21-nji oktýabrda söwdalaryň dowamynda nebitiň bahalary arzanlap başlady diýip, Interfaks habar berýär.
OPEC+ duşuşygynyň öňüsyrasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, «Brent» 65,58 dollara ýetdi
Duşenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar. Şeýle hem şu hepdede nebit bazary OPEC+ ýurtlarynyň 2021-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap nebit çykarylyşynyň derejesi baradaky täze çözgütlerine garaşýar, diýip Interfaks habar berýär.
Azerbaýjan we Indoneziýa energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýär
«Azerbaýjanyň we Indoneziýanyň energetika ministrlikleriniň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekmäge taýýar edildi. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Pärwiz Şahbazowyň Indoneziýanyň öňki ilçisi Husnan Beý Fanani bilen geçiren wideoşekilli duşuşygynda bellenilip geçildi, diýip Azerbaýjanyň energetika ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Oil prices rise ahead of OPEC+ meeting, Brent rose to $65.58 per barrel
Oil prices are rising on Monday, the market is awaiting new decisions by the OPEC+ countries this week regarding production levels from April 2021, Interfax reports.
Oil prices decrease moderately after rising the day before, Brent - $85.68 per barrel
Oil prices during trading on Thursday, October 21, moderately decline after rising the day before, Interfax reports.