Türkmenistan we Saud Arabystany energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär
09:22 17.03.2021 4081
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň «Somo Al Mamlakah» Saud kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Abdullah Al Şugairi bilen geçiren onlaýn-duşuşygynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň, şeýle-de energetika ulgamyndaky beýleki geljegi uly taslamalaryň oňyn amala aşyrylmagy boýunça bilelikdäki işleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
15-nji martda geçirilen netijeli gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň nebitgaz, himiýa senagaty we maýa goýum ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny belläp geçdiler.
2020-nji ýylyň iýul aýynda «Türkmengaz», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Daşary ykdysady döwlet bankynyň hem-de Somo Al Mamlakah kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Şonda türkmen tarapy TOPH gaz geçirijisine gatnaşmak barada teklip berdi. Öz gezeginde, saudly işewürler uzakmöhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygyna gyzyklanma bildirdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
Geçen şenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň ýolbaşçysynyň hem-de agzalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda toparyň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine raýatlaryň teklipçi toparlary tarapyndan hödürlenen dalaşgärleri bellige almak meselesi girizildi.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri Malaýziýanyň we BAE-niň kompaniýalary bilen täze hyzmatdşalyk şertnamalaryny baglaşdy
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmengaz” döwlet konsernine we “Türkmennebit” döwlet konsernine Malaýziýanyň “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň “ADNOC Türkmenistan RSC Limited” kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berýän resminama gol çekdi.
Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýonyny hödürledi
Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisi geçirilýär. Sergä Türkmenistan Milli pawilýony gatnaşýar diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Petronas we ADNOC kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
14-nji maýda Türkmenistanyň Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň “PETRONAS” we Birleşen Arap Emirlikleriniň ADNOC kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.
Nebitgazçy türgenleriň üstünligi
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreş boýunça türgenleri, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Afis Weliýewiň taýýarlamagynda, iýul aýynyň 5 — 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde birnäçe döwletiň gatnaşmagynda «Kaýrat Buhanow» ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça ýaryşa gatnaşdylar.