Türkmenistan — Hytaýa turba geçiriji gazyny iberýän iň iri ýurt
08:55 26.08.2020 6489
Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji gazyny iberýän iň iri ýurt bolmagynda galýar. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük boýunça baş administrasiýasyna salgylanyp habar berýär.Hytaý bazarynda satylan turba geçiriji gazynyň göwrümi boýunça Türkmenistan iň irisidir. 2019-njy ýylda «Türkmengaz» DK Hytaýa 31,2 mlrd kub metr gaz iberdi. Şu ýylyň aprel aýynda iberilen gazyň möçberi günde 69 mln kub metr diýlip, habarda bellenilýär.Türkmen «mawy ýangyjyndan» başga-da, Hytaý Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan we Mýanmadan turba geçiriji gazyny satyn alýar.
Türkmenistanyň we Owganystanyň diplomatlary Moskwada strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
24-nji iýulda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Moskwada Owganystanyň ilçisi Mawlawi Gul Hassan Hassan bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Habarlar portaly ýazýar.
Serdar Berdimuhamedow Guterrişe BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy
Türkmensitanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Pakistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny tassyklady. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder
Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Türkmenistan we Belgiýa ýokary derejeli hyzmatdaşlygy berkitmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.