«Somo Al Mamlakah» kompaniýasy bilen maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy
09:17 26.08.2020 6821
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda maýa goýum hyzmatdaşlygy boýunça wideo konferensiýa görnüşinde ýygnak geçirildi. Ýygnaga “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa”, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Saud Arabystanynyň “Somo Al Mamlakah” kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy.
Gepleşigiň esasy maksady, maýa goýumlar ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Taraplar nebitgaz we bank işleri pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada hem pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar gyzyklanma bildirilýän ähli ileri tutulýan ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy saklamak we ösdürmek boýunça gyzyklanmalaryny tassykladylar. Şeýle hem “Türkmengaz” tarapyndan amala aşyrylýan taslamalaryň işleri we durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy daşary ýurt kompaniýasyna TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşmak barada teklip edildi. “Somo Al Mamlakah”-yň wekilleri hem öz gezeginde uzakmöhletleýin maýa goýum hyzmatdaşlygyna taýýardyklaryny mälim etdiler.
Söhbetdeşlikde “Türkmenhimiýa” döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, şeýle hem “Somo Al Mamlakah” kompaniýasyny wekilleri dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Guterrişe BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy
Türkmensitanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Pakistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny tassyklady. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam eder
Türkmenistan Russiýa bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlaryny dowam etdirmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde belledi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.
Türkmenistanyň we Owganystanyň diplomatlary Moskwada strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
24-nji iýulda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Moskwada Owganystanyň ilçisi Mawlawi Gul Hassan Hassan bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Habarlar portaly ýazýar.