Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
11:23 26.05.2022 11295
Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda myhmanlar amerikan işewürleriniň giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksadynyň deňhukukly esasda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda ABŞ-nyň iri kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny belledi.
— Iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmak üçin edýän tagallalaryny goldaýarys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Prezident we myhmanlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alşyp, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şu ýyl Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda bilelikdäki işiň baý tejribesi toplandy, “John Deere”, “Сase”, “General Eleсtriс”, “Boeing” ýaly kompaniýalar türkmen bazaryndaky strategik ähmiýetli ugurlarda üstünlikli işläp gelýärler.
Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasaty netijesinde amatly maýa goýum ýagdaýy hem-de işewürligi alyp barmagyň oňyn guramaçylyk-hukuk guraly döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň geljegi uly bazaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň barha köp sanlysyny çekmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen ykdysadyýetiniň ösdürilmegine maýa goýmagy hem-de amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara we maksatnamalara işjeň gatnaşmagy maksat edinýändiklerini aýtdylar.
“Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň alyp barýan işleri, uzak möhletleýin we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda onuň eýeleýän orny ara alyp maslahatlaşmagyň aýratyn meselesi boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzüm tarapyndan yzygiderli guralýan işewürlik duşuşyklarynyň, maslahatlaryň we sergileriň iki ýurduň döwlet hem-de hususy toparlarynyň arasynda ýakyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna ýardam berýändigi nygtaldy.
Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, himiýa we azyk senagaty, ekologiýa ulgamlary bilelikdäki işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.
Döwlet Baştutany bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini nazara alyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, türkmen tarapynyň täze tekliplere we däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine garamaga taýýardygyny tassyklady.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
“Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.