Maryda geçirilen halkara maslahatynda TOPH taslamasynyň wekilleri onuň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar

10:35 31.05.2022 4681

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/4685/original-162946a68c7996.jpeg

Geçen anna güni Maryda Maryda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine we taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine edýän täsirine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi – diýip,  ORIENT çäräni gurnaýjylara salgylanyp habar berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Mary welaýatyndaky wekilligi  tarapyndan Döwlet energetiki institutynda geçirilen bu çärä gatnaşmaga TOPH taslamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň diplomatik wekilleri we taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýan hünärmenler çagyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýatdaky wekilliginiň ýolbaşçysy Gadam Ilamanow öz çykyşynda TOPH taslamasynyň Aziýa sebitini gülletmäge we Owganystanyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge ägirt uly goşant goşjakdygyny nygtap geçdi.

Owganystanyň Türkmenistandaky işleri ynanylan  wagtlaýyn wekili  Fazal Muhammad Sabir häzirki wagtda Owganystanyň ykdysady goldawa mätäçdigini we gaz geçirijiniň gurulmagynyň uly goldaw bolup biljekdigini  tassyklady. Üstünden TOPH geçmeli welayatlarda köpsanly kärhanalary açmak we müňlerçe iş ýerlerini döretmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ilatyň ýaşaýyş derejesiniň umumy ýokarlanmagyny üpjün eder. 

Häzirki wagtda owgan tarapy taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň üstünde işleýär. Bar bolan maglumatlara görä, ýakyn wagtda gaz geçirijiniň gurluşygy Owganystanyň çäginde başlanar. Birinji tapgyrda ol Gerat welaýatyna çenli uzap, ol ýerde türkmeniň tebigy gazyndan ýaşaýjylaryň üç milliondan gowragy peýdalanyp biler. 

Owganystanyň çäginde taslamanyň birinji tapgyry durmuşa geçirilenden soňra, tutuş ýurduň ýaşaýjylary TOPH-yň durmuş-ykdysady taýdan täsirini görerler we duýarlar, ol ilatyň has-da uly goldawyna eýe bolar we has-da batly depginler bilen durmuşa geçirilmegi dowam eder – diýip, Fazal Muhammad Sabir ynam bildirdi.

Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Irfan Ahmet duşuşykda – “TOPH gaz geçiriji  we TOP (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan) elektrik geçiriji taslamalary boýunça gepleşikleriň üstünlikli geçişi  uly ynam döredýär” – diýip belledi. Ilçi şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Pakistanyň energetika ministrliginde TOPH we TOP taslamalary boýunça   üstünlikli gepleşikleri geçirendigini ýatlatdy, netijede taraplar taslamalaryň durmuşa geçirilişini çaltlaşdyrmagyň tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidi üçin zerurlygy barada ylalaşypdylar.  

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Şiri Şiriýew öz çykyşynda beýleki energiýa çeşmeleri bilen deňeşdireniňde, has arassa we arzan bolup durýan tebigy gazyň ykdysady netijeliligini belläp geçdi.

“Türkmengaz” Döwlet konserniniň TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça bölüm müdiriniň orunbasary Baky Çaryýew taslamanyň gidişi  barada gürrüň berdi.  Hususan-da, gaz geçirijiniň deslapky tehniki taslamasyny API 5L, ASME B31.8, ANSI/API 780, ISO 31000:2018 we 18788 ýaly halkara ülňülerine laýyklykda taýýarlamak boýunça iş geçirildi.  Seýle-de, tehniki barlag we dürli gözleg işleriniň dokuzysy üstünlikli geçirildi.  

Geçirilen işleriň netijesinde taslama goşmaça maýa goýumlaryny çekmäge gönükdirilen çäreler gurnalyp, olara iri maliýe gurluşlary gyzyklanma bildirip ugrady. Aziýa ösüş banky TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin 1,1 mlrd amerikan dollaryny goýmaga taýýardygyny mälim etdi.  

Häzirki wagtda hökümet derejesinde TOPH gazgeçirijisiniň gurluşygyna gönükdirilen şertnamalaryň 25-isi baglaşyldy we bir kanun kabul edildi. Ylalaşyklaryň ýene 10-usynyň üstünde işlenilýär, Owganystan bolsa, “TOPH taslamasy barada” ýörite kanun taýýarlaýar.

Turbageçirijiniň gurluşygy üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak we potratçylary çekmek boýunça bäsleşikler yglan edildi, emma olar 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda çylşyrymly epidemiologik ýagdaý sebäpli, dürli tapgyrlarda wagtlaýyn togtadyldy. Taslama gatnaşmaga Ýewropanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Saud Arabystanynyň  kompaniýalary tarapyndan gyzyklanma bildirildi. 

Çäräniň barşynda  beýan edilen pikirleri we getirilen maglumatlary jemlemek bilen, TOPH taslamasynyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň hökümeti tarapyndan goldanylýandygyny aýtmalydyrys. Gazgeçiriji sebit üçin strategiki ähmiýete eýe bolup, Aziýa halklarynyň durmuş-ykdysady we ekologik abadançylygyna oňyn täsir edip biler.

Başga makalalar
163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


167e62c7fc958d.jpg
“Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy

27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.


16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.