Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda söwda-senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
11:15 26.08.2020 4515
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler geljekde bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň özaragatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini belläp geçdiler.
Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda RF-niň Tatarystan Respublikasynyň «KAMAZ» JPJ, «Tatneft» JPJ, «Kazan dikuçar zawody» JPJ, «KER-Holding» JÇJ, «Ak bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary we bu sebitiň beýleki işewürlik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň döwlet we işewürlik düzümleri bilen ygtybarly hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyz nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, awtoulag tehnikasy, serwis hyzmatlarynyň berilmegi, dürli maksatly iri senagat desgalarynyň gurluşygy we düýpli abatlamasy ýaly ileri tutulýan ugurlarda ysnyşykly özarahereketleri ýola goýdy.
Söhbetdeşler şonuň ýaly-da lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Dünýä derejesinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bolan häzirki şertlerde bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýandyr. Bu ugurda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň alymlarynyň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriniň we lukmanlarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagyna, şonuň ýaly-da taraplaryň pandemiýa garşy göreşmek işindäki tagallalarynyň utgaşdyrmak hereketini hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.
Taraplar şeýle-de özara gyzyklanma döredýän geljegi uly ugurlar boýunça özarabähbitli we ygtybarly hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak babatynda ylalaşdylar.
RF-iň Tatarystan Respublikasynyň Senagat we söwda ministrliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2019-njy ýylda Tatarystan bilen Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 120 mln dollardan gowrak boldy, bu bolsa 2018-nji ýylyň degişli döwründäkiden 5 esse ýokarydyr.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.