Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň üsti bilen energiýa geçirijileriniň ibermelerini artdyrmaga taýýar
14:53 23.07.2022 9367
Penşenbe güni Çolpon-Atada (Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl welaýaty) Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň dördünji Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Prezidentleri gatnaşdy.
Duşuşykda eden çykyşynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň energiýa geçirijileriniň ibermelerini artdyrmaga we olaryň Merkezi Aziýada üstaşyr hereketini giňeltmäge taýýarlygyny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy anna güni Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde neşir edildi. Ýatlatsak, Merkezi Aziýada eýýäm iri energetika taslamasy — Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy durmuşa geçirildi. Serdar Berdimuhamedow energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etmek we giňeltmek mümkinçilikleri barada aýtdy.
«Energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy dowam etmäge we giňeltmäge bil baglaýarys. Bizde amala aşyrylan iri taslama — Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasy bar» diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şol bir wagtda Prezidentiň bellemegine görä, Aşgabat «energiýa geçirijilerini ibermelerini artdyrmaga we olaryň üstaşyr hereketini giňeltmäge hyzmatdaşlary bilen bilelikde garamaga taýýar» diýip belledi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
“Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” ministrler duşuşygynda köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
27-nji martda Aşgabat şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” 20-nji ministrler duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.