Serdar Berdimuhamedow ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi
09:02 17.08.2022 11300
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk döwletler üçin ulag ulgamynda BMG-niň howandarlygynda täze halkara başlangyçlaryny öňe sürdi. Bu barada döwlet Baştutany 15-nji awgustda Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda açylan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki Halkara maslahatyna iberen wideoýüzlenmesinde belledi.
«Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynda ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň bähbitlerini goramaga gönükdirilen we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barjak ýörite iş toparyny döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýärin» – diýip, hormatly Prezident nygtady.
Döwlet Baştutany Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagtyň ýetendigini hem aýratyn üns çekdi.
Prezident iberen wideo ýüzlenmesinde «... biz Baş Assambleýanyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky» Rezolýusiýasyny işläp taýýarlamaga girişmäge wagt ýetdi diýip hasap edýäris» – diýip belledi. Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, şol resminama biziň döwletlerimiziň bähbitlerini öňe sürmäge netijeli itergi bermäge, degişli meseleleriň ähmiýetini açyp görkezmäge we olara düşünmäge ýardam berer.
«Türkmenistan bu resminamany taýýarlamaga girişmäge taýýardyr, ähli netijeli teklipler we başlangyçlar üçin açykdyr» – diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.