HHR-iň Hökümetiniň ýörite wekili bilen energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

15:13 08.09.2022 8067

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5463/original-163198036f2d54.jpeg

Ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý bilen geçirilen duşuşykda energetika, ulag, logistika we beýleki ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Öňküsi gün, Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasy bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegi we berkidilmegi, täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrundaky tagallalaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. Hyzmatdaşlyk iki ýurduň ýolbaşçylarynyň hoşniýetli syýasy erki esasynda ösdürilýär we ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda “Merkezi Aziýa+Hytaý” hyzmatdaşlygynyň çäklerinde üstünlikli ilerledilýär.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän köpugurly döwletara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçiliklerine ýokary baha berdiler we türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň oňyn geljeginiň bardygyna ynam bildirdiler.

Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň geljegi barada aýdyp, häzirki döwürde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistanyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi. Öňde goýlan meýilnamalary durmuşa geçirmekde Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetine uly işler ynanyldy.

Ýangyç-energetika toplumy, ulag we aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, ýokary tehnologiýalar ulgamy, maýa goýum işi we başga-da birnäçe pudaklar, netijeliligi hem-de bar bolan mümkinçilikleri nazara alnyp, möhüm ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Saparynyň çäginde Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Ýewraziýa işleri boýunça ýörite wekili Li Hueý Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow we onuň orunbasary W.Hajiýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar strategiki häsiýete eýe bolan  dostlukly türkmen-hytaý gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler.  Taraplar Türkmenistan bilen HHR-nyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar.

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.