Si Szinpin we Serdar Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynda giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ylalaşdylar
13:53 16.09.2022 7700
Penşenbe güni Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin Samarkanda baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen duşuşykda gaz ulgamynda, ulag we beýleki ugurlarda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösüşiniň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Dostlukly döwletiň Baştutany ýangyç-energetika toplumynyň hytaý-türkmen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýandygyny belläp, bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek hem-de Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça türkmen tarapynyň tekliplerini doly goldady.
Duşuşygyň dowamynda taraplaryň ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn esasda, şol sanda “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygy beýan edildi.
Syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň Daşary işler ministrliklerine “Ýol kartasyny” taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. Oňa ýokary derejedäki gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de hökümetara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek baradaky teklipler girizilse, maksadalaýyk boljakdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini hasaba alyp, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň nobatdaky mejlisini taýýarlamak we geçirmek teklip edildi.
Şeýle-de, “Bir guşak, bir ýol” strategiýasyny “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” konsepsiýasy bilen utgaşdyrmak hakynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek meselesine garamaga türkmen tarapynyň taýýardygy beýan edildi.
Serdar Berdimuhamedow gaz ulgamynyň ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyna ünsi çekip, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmek maksady bilen, gaz hyzmatdaşlygy boýunça döredilen bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi.
Ulag we logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýol gatnawlarynyň täze ugrunyň geljegi uly hasap edilýär. Bellenilişi ýaly, bu geçelgäniň ägirt uly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin konteýner gatnawlary boýunça dörttaraplaýyn ylalaşygy baglaşmak maksadalaýyk bolar.
Şunuň bilen birlikde, taraplar bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş we beýleki durmuş ähmiýetli ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň hem-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtadylar.
Serdar Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.
HHR-iň Başlygy çakylygy hoşallyk bilen kabul edip, Türkmenistanyň Baştutanyna netijeli söhbetdeşlik, däp bolan hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça beýan edilen teklipler üçin hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Serdar Berdimuhamedowy hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy özleri üçin islendik amatly wagtda Hytaýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Iki döwletiň Baştutanlary hoşlaşanlarynda birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki dostlukly ýurduň bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýän netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.