Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan energiýa serişdeleriniň iberilişini üpjün etmek üçin ŞHG bilen hyzmatdaşlyga taýýar
15:46 19.09.2022 5325
Türkmenistan energetika ulgamynda ŞHG bilen yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýardygyny belläp, gurama agza ýurtlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, geljekde daşarky bazarlara çykmak maksady bilen, energiýa serişdeleriniň iberilişini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmäge iş ýüzünde girişmäge teklibini beýan etdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Samarkantda geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda belledi.
«Bu ulgamda köp ýyllaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplan ýurdumyz energiýa serişdelerini ibermegiň möçberlerini ep-esli artdyrmak üçin zerur serişde kuwwatlyklaryna eýedir. Türkmenistan nebitgaz ulgamynda işleri alyp barmagyň umumy kabul edilen tejribesini ulanmak arkaly öz tebigy gazyny Russiýa, Hytaýa we goňşy ýurtlara iberýär. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmegiň üstünde işlenilýär» diýip, türkmen Lideri belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow şu we beýleki köptaraplaýyn taslamalara Owganystanyň gatnaşmagynyň möhümdigini aýratyn nygtady. Munuň özi ýurduň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň dikeldilmeginiň, ahyrky netijede, parahatçylygy, ylalaşygy gazanmagyň esasy şertleriniň biridir.
Şeýle-de doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn ykdysady we ynsanperwerlik kömeginiň berilmegi ilkinji nobatdaky wezipedir.
Belläp geçsek, Türkmenistan tebigy gaz ätiýaçlyklary boýunça Russiýadan, Eýrandan we Katardan soň, dünýäde dördünji orunda durýar. Diňe ägirt uly «Galkynyş» gaz käninde «Gafney, Cline & Associates» britan kompaniýasynyň bahalandyrmasyna görä 27,4 trln kub metr tebigy gaz bar.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.