Daşary ýurt Liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar
12:34 23.09.2022 7614
Çarşenbe güni, 22-nji sentýabrda ençeme daşary ýurtlaryň Liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar we dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin telefon arkaly söhbetdeşlikde Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, rowaçlyk hem-de köptaraply döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentiniň iki ýurduň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berýär.
Döwlet Baştutanlary köpugurly türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň aýratyn orun eýeleýändigini bellediler. Onuň işjeňleşdirilmegine bilelikdäki hökümetara toparyň netijeli işi hem ýardam berýär. Taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, onuň iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem türkmen Liderini doglan güni bilen mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, iň ýokary döwlet wezipesinde ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürilmegine, halkyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen köptaraply işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine degip geçip, oba hojalygy, elektroenergetika, nebitgaz toplumy, himiýa senagaty ýaly pudaklarda depginli ösüşi kanagatlanma bilen nygtadylar.
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin gutlag hatynda şeýle belledi: «Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mundan beýläk-de uly üstünlikleri gazanjakdygyna ynanýaryn».
«Hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýärin we Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň bähbidine ähli ulgamlarda yzygiderli hyzmatdaşlygyň täze netijelerini gazanmak üçin Siziň bilen bilelikde tagallalary etmäge taýýardyryn».
Türkmenistanyň Prezidentine gutlaglaryny şeýle hem Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Eýranyň, Koreýa Respublikasynyň we başga-da köp sanly ýurtlaryň Liderleri iberdiler.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.