Türkmenistanyň Prezidenti «Dragon Oil» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
17:12 26.09.2022 5297
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen ýekşenbe güni geçiren duşuşygynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Myhman pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy bilen gutlady we türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, bu gorlary özleşdirmek bilen meşgullanýan kompaniýalar bilen giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň energiýa bazarynyň ösdürilmegine işjeň gatnaşýar. Nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, önümiň hilini gowulandyrmak, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda «Dragon Oil» kompaniýasy özüni işine öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary, häzirki döwrüň ekologik talaplaryna laýyklykda, iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary işjeň çekýän jogapkärli hyzmatdaş hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan baý tejribesini hem-de Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ägirt uly meýilnamalaryny nazara almak bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Nebitiň we gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän möçberlerini artdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň we taýýar nebit hem-de gazhimiýa önümleriniň eksportyny artdyrmak milli ykdysadyýetimiziň bu esasy pudagynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.
Türkmenistanyň Prezidenti dünýä bazarlarynda energiýa serişdelerine barha artýan islegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady hem-de kompaniýanyň mundan beýläkki hyzmatdaşlyk baradaky tekliplerine seretmäge taýýardygyny belledi.
Ali Raşid Al Jarwan Türkmenistanda amala aşyrylýan hem-de halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolan düýpli özgertmeleriň giň gerimine we depginlerine haýran galýandygyny aýdyp, “Dragon Oil” kompaniýasynyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerjekdigine ynandyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hem-de işewür hoşlaşyp, birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan etdiler we bar bolan özara bähbitleriň deňhukuklylyk esasynda ýola goýulýan uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin berk binýat boljakdygyna ynam bildirdiler.
Belläp geçsek, «Dragon Oil» kompaniýasynyň esasy işi Hazar deňziniň türkmen kenarynda Çeleken şertnamalaýyn çägindäki Jeýtun we Jygalybeg nebit ýataklaryny işläp taýýarlamaklyga ýöriteleşendir. Kompaniýa bu ýerde 2000-nji ýylyň maýyndan bäri üstünlikli iş alyp barýar. Geçen döwürde Dragon Oil 8 mlrd dollardan gowrak maýa goýum goýdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.