TNGIZT korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär
12:03 11.10.2022 4382
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy kärhananyň işine sanly tehnologiýalaryň binýadynda korporatiw awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmagy meýilleşdirýär.
Şu maksat bilen, TNGIZT-de sanly tehnologiýalaryň binýadynda awtomatlaşdyrylan maglumatlar goruny döretmek we awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň doly toplumyny taslamalaşdyrmak we ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik tekliplerini işläp düzmek boýunça degişli halkara bäsleşik yglan edildi.
Ýerine ýetirijiniň dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamy we programmalaýyn önümleri ornaşdyrmak ulgamlarynda iş tejribesi bolmalydyr. Işleriň ýerine ýetirilmeli möhleti şertnamanyň güýje giren wagtyndan 18 aýdan geçmeli däldir.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.