«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» sergisi: innowasiýalar we hyzmatdaşlyk
17:20 12.10.2022 13368
26-njy oktýabrda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» diňe bir XXVII Halkara maslahaty däl, eýsem, üç günlük adybir Halkara sergisi hem geçiriler diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.
«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda guraljak görkeziliş türkmen we nebitgaz pudagynyň iň gowy gazananlary, uglewodorodlar ulgamynyň ösüşi boýunça täze ideýalar, nebiti çykarmak we energiýa geçirijileri ugratmak ulgamynda innowasion tehnologiýalar, uglewodorod çig malyny saklamagyň üpjünçilik ulgamy, serwis hyzmatlary, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde häzirki we geljekki nebitgaz taslamalary bilen tanyşdyrar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara sergisiniň baş maksatlarynyň biri hem, milli we halkara nebit kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek bolup durýar. Mundan başga-da, görkeziliş häzirki zaman tapgyrynda nebitgaz ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ň ösüp barýan ornuny nygtamaga gönükdirilendir.
40-dan gowrak daşary ýurt we türkmen kompaniýalary sergä gatnaşar. Dragon Oil, Petronas, CNPC, TATNEFT, ENI, Schlumberger we beýleki dünýä belli nebit kompaniýalary Türkmenistanyň nebiti, gazy, energetikasy we nebithimiýasy ulgamynda täze maýa goýum taslamalary hakynda habarlylygyny artdyrmak maksady bilen diwarlyklaryny hödürlärler.
Serginiň tapawutly aýratynlyklarynyň biri — Dubaý-Aşgabat-Dubaý çarter uçuşynyň guralmagy, şeýle hem gatnaşyjylaryň wiza goldawy bolup durýar.
Maslahatyň we serginiň dowamynda Aşgabat şäheriniň belli ýerleri boýunça syýahat we golf-klubunda oýun guralar, şeýle hem Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar we B2B guralar. Duşuşyklar onlaýn görnüşde bolşy ýaly, däp bolan görnüşde hem guralar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVII Halkara sergisiniň innowasiýalarynyň ýene-de biri — oňa gatnaşyjylaryň özlerini tebigy serişdeleriniň çykarýan operatoryň rolunda goýup görüp, nebit guýusynyň burawlanylyşyna hem-de tebigy gazyň käniniň öwrenilişine wirtual hakykat tehnologiýalarynyň kömegi bilen syn edip bilmek mümkinçiligidir.
Sergi barada goşmaça maglumat almak üçin onuň resmi saýtyna http://expo.ogt-turkmenistan.com/ru ýa-da batyr.d@turkmen-forum.com/tilla.bozaganova@turkmen-forum.com salgysy boýunça ýüz tutup bilersiňiz.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.