Serdar Berdimuhamedow GDA ýurtlaryna Türkmenistanyň taslamalaryna goşulmagy teklip etdi
18:12 17.10.2022 10503
GDA döwletleri Türkmenistanyň başyny başlan günorta ugurdaky energetika, ulag, kommunikasiýa taslamalaryna işjeň gatnaşyp bilerdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 14-nji oktýabrda Astanada geçirilen duşuşygynda eden çykyşynda belledi.
Döwlet Baştutany GDA-nyň bähbitlerine Hazar deňzinde port düzümini, şol sanda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny, Türkmenistanyň ösýän söwda flotuny ulanmagyň geljegine garamagy teklip etdi.
Bellenilişi ýaly, 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň barşynda, golaýda Moskwada geçirilen ikinji Hazar ykdysady forumynda, şeýle-de BMG-niň howandarlygynda şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatda Hazarda köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň düýpli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Oňa gatnaşmaga köp döwletler, ilkinji nobatda, Arkalaşyga goňşy ýurtlar gyzyklanma bildirýärler. Hazar ugry GDA-nyň geljekki meýilnamalarynda möhüm orun eýelemelidir, ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan zolagy hökmünde garalmalydyr diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.
Türkmenistan Arkalaşygyň günorta ugrunda ýerleşýän ýurtlara — Owganystana, Eýrana we Pakistana gönükdirilen energetika, ulag, kommunikasiýa taslamalarynyň başyny başlady hem-de olary amala aşyrýar. Hindi ummanyna, Pars aýlagynyň ýurtlaryna, Ýakyn Gündogara çykmak arkaly olary diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalar bar.
— Şeýle taslamalara Arkalaşygyň döwletleri hem işjeň gatnaşyp bilerdi diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Munuň özi geljegi örän uly we bähbitli işdir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Prezidenti geljekki hyzmatdaşlara bu taslamalar boýunça gatnaşyklaryň köptaraplaýyn guralyny işe girizmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, şeýle teklibiň olarda oňyn gyzyklanma we seslenme döretjekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de GDA-nyň ugurdaş komitetlerine degişli tabşyryklary, ygtyýarlyklary bermegiň zerurdygy nygtaldy.
Biziň mümkinçiliklerimize anyk göz ýetirmek hem-de geljegi kesgitlemek üçin garaýyşlarymyza täzeden seretmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany munuň üçin geljekki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, söwdany işjeňleşdirmek, dürli pudaklarda goşulyşmak bilen bagly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin meýdança hökmünde GDA ýurtlarynyň köpugurly ykdysady sergi-ýarmarkasyny guramak barada oýlanmagy teklip etdi.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.