Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň gepleşikleri resminamalaryň toplumyna gol çekmek bilen tamamlandy

18:09 17.10.2022 5640

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5776/original-1634d1f2d2fc95.jpeg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 15-nji oktýabrda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň barşynda Astanada iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdylar we mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, energetika türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň strategik ugry bolup durýar. Bu ulgamda bar bolan kuwwat Ýewraziýada uglewodorod serişdelerini iri öndürijiler we iberijiler bolup durýan ýurtlarymyza energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek boýunça giň gerimli, köp babatda täsin taslamalary durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. Bu gaz geçirijiniň bir bölegi Gazagystanyň çäginden geçýär.

Serdar Berdimuhamedowyň we Kasym-Žomart Tokaýewiň gepleşikleriniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Şeýle hem 14 sany bilelikdäki resminama gol çekildi. Şol sanda 2022 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça toplumlaýyn Maksatnama kabul edildi. Maliýe syýasaty, himiýa senagaty, ulag-üstaşyr ulgamynda gatnaşyklar we beýleki ugurlarda edaralaryň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Bilelikdäki beýannamada bellenilişi ýaly, Prezidentler maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, maýa goýumlary çekmek we olary döwlet derejesinde goramak üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini nygtaýarlar.

Şeýle hem Prezidentler söwda, energetika, oba hojalygy, logistika we ulag pudaklarynda bilelikdäki taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň möhümdigini ykrar edýärler. Döwletleriň Baştutanlary özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we giňeltmekde utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belleýärler.

Taraplar özara söwdanyň sanawyny giňeltmek, onuň üçin amatly şertleri döretmek we ýokary goşmaça gymmaty bolan önümleri çekmek arkaly, haryt dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmagyň ähmiýetini tassyklaýarlar.

Biziň maksadymyz ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 500 million amerikan dollaryna ýetirmekden ybaratdyr. Ýakyn geljekde bu görkezijini 1 milliard amerikan dollaryna çenli ýetirip bileris diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.

Bellenilişi ýaly, gaz pudagynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerine içgin garaldy. Şunda geçen ýylda bu ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli ylalaşyklary gazanmagyň başardandygy nygtaldy. Gazagystanyň Baştutany “Gazakgaz” we “Türkmengaz” kompaniýalarynyň arasynda türkmen gazyny satyn almak barada Şertnamanyň baglaşylandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa bu taslamanyň ilerledilmegine hut özüniň hoşallygyny beýan etdi.

Biz uzak möhletleýin ylalaşygy baglaşmaga gyzyklanma bildirýäris hem-de ýylda satyn alynýan türkmen gazynyň möçberini 1,5 milliard kub metre çenli artdyrmaga taýýardyrys diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy. Şunda Türkmenistanyň öňe sürýän iri energetika taslamalaryny amala aşyrmaga gatnaşmaga Gazagystanyň taýýardygy tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy. Bu çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Başga makalalar
164b8dc1b3084f.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.


164be262f93f0a.jpg
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


164ba2921783a3.jpg
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.


164be50ac614a4.jpg
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.


164b8d6caaf6b1.jpg
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.