OGT-2022-niň gün tertibiniň esasy mowzuklary – netijelilik, innowasiýalar, ekologiýa

00:05 26.10.2022 4704

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/5848/original-16357bcefc4a98.gif

Halkara maslahaty we sergi (OGT-2022) resmi taýdan 26-njy oktýabrda açylyp, ol  28-nji oktýabr aralykda üç gün dowam eder.

Howanyň üýtgemeginiň dünýäniň her bir künjegine täsir edýän döwründe energiýany netijeli ulanmak we arassa energiýa çeşmelerine geçmek meselesi has möhüm ähmiýete eýe bolýar. – “OGT-2022 hut şu mowzuga, ýagny energiýa pudagynyň mundan beýläk-de durnukly ösüşi boýunça sebitleýin gepleşikleri işjeňleşdirmek we Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek meselelerine bagyşlanýar” – diýip, forumyň gurnaýjylary belleýärler.

Energetika pudagyny durnukly ösdürmek maksadyna ýetmek üçin pudak ýolbaşçylary we bilermenler nebit we gaz önümçiliginiň täze we has tygşytly usullaryndan habarly bolmalydyrlar. OGT-2022 milli we halkara derejede kärdeşlere tejribe alyşmak we bilimlerini paýlaşmak üçin amatly meýdança bolup hyzmat eder.

Maslahatyň dowamynda diňe bir öndürilýän nebitiň we gazyň paýlanyşyny diwersifikasiýa etmäge däl-de, eýsem nebit-gaz pudagynda innowasiýa önümçilik usullaryny ulanmaga gönükdirilen Türkmenistanyň nebit-gaz pudagyna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň işine we onuň çäklerinde geçiriljek işewür duşuşyklara gatnaşmak geljekki maýadarlara nebit-gaz pudagyndaky dürli maksatly taslamalar, himiýa gazlaryny ýok etmek (utilizirlemek), ýetişen ýataklary optimizirlemek, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki deňiz bloklaryny özleşdirmek baradaky tekliplerini hödürlemäge mümkinçilik berer.  

Şeýle-de, maslahatyň maksatnamasynda howanyň üýtgemeginiň möhüm global meselesini ara alyp maslahatlaşmak hem göz öňünde tutulýar. Şeýlelik bilen, alty mejlisden dördüsi energetikanyň geljegine bagyşlanýar.

Umumy mejlisde geljegiň energiýasynyň meseleleri we mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylsa, soňky üç mejlis “Täze eýýamyň energiýasy: energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri  we wodorod”, “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň ekologik jähtleri”, “Nebit-gaz ylymlarynda we bilimde  innowasion tehnologiýalar we nou-hau” ýaly mowzuklar boýunça pikir we tejribe alyşmaga bagyşlanar. 

Geçen ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň  26-njy mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: “Türkmenistan metan boýunça global borçnamalar başlangyjyny goldaýar” - diýdi. Bir ýyl geçmänkä, oktýabr aýynda OGT-2022 we ondan ozal, 2022-nji ýylyň iýunynda geçirilen "Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähtleri" atly Halkara ylmy maslahaty Türkmenistanyň bu borçnamalara ygrarlydygyny tassyklaýar.

OGT-2022 gün tertibinde esasy çykyş edýänler – BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we Carbon Limits-iň wekili Olga Gassan-zade ýaly metanyň zyňyndylaryny azaltmak babatynda  dünýä belli bilermenler bolar.

Halkara nebit we gaz konferensiýasy Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň ahyryndan bäri geçirilýär. OGT-2022 hasap boýunça 27-nji bolar. Şu ýyl maslahat bilen birlikde halkara we milli nebit-gaz kompaniýalarynyň innowasiýa tehnologiýalarynyň we  hyzmatlarynyň sergisi hem geçiriler. Maslahat we sergi ýokary derejeli döwlet işgärleriniň, diplomatik wekilleriň, pudak ýolbaşçylarynyň we nebit-gaz pudagyndaky bilermenleriň uly gyzyklanmasyna eýe boldy. 

OGT-2022-ä 30-dan gowrak KHBS-niň 40-a golaý wekili gatnaşar we onuň geçişi barada diňe bir Türkmenistana däl, eýsem bütin dünýäniň diňleýjilerine giňişleýin habar berer. Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň saldamly sanawyna Argus Media, S&P Global Commodity Insights, Natural Gas World, China Daily, Interfax, TASS Habarlar agentligi we Belarus Habarlar agentligi ýaly bütindünýä nebit-gaz analitikalarynyň awtorlary we redaktorlary girýär.

OGT-2022 başlamazdan ozal, onuň maksadyny Türkmenistanyň daşyndaky diňleýjilere, okyjylara ýetirmek üçin bu barada onlarça täzelikler çap edildi we ýaýlymlara berildi. Mysal üçin, China Daily, Natural Gas World и Central Asia Newsi ýaly okyjylar köpçüligi tarapyndan giňden okalýan habarlar saýtlary OGT-a gatnaşyp bilmejek adamlaryň nebit-gaz pudagynda bolup geçýän şeýle möhüm wakasy barada ýakyndan habarly bolmagy üçin maslahatyň metbugat habarnamasyny çap etdiler. 

OGT-2022-niň delegatlarynyň 100-den gowragynyň Aşgabada gelmegini üpjün etmek üçin guramaçylyk komiteti halkara uçar gatnawlarynyň pandemiýadan soň ýaňy dikelip ugran döwründe Dubaý-Aşgabat-Dubaý ugry boýunça ýörite çarter uçuşlaryny gurady.

Maslahata we sergä halkara guramalarynyň, diplomatik wekilhanalaryň, halkara we milli kompaniýalaryň Türkmenistanda ýaşaýan 500-den gowrak wekilleri gatnaşar. 45 ýurtdan 200-den gowrak kompaniýanyň wekilleri hem foruma gatnaşýar. OGT-2022-ä gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelip bilmedikler  üçin onlaýn gatnaşmak mümkinçiligi dörediler. Mundan başga-da, energitiki kompaniýalaryň  50-den gowragynyň sergä gatnaşmagyna garaşylýar.

Şeýlelik-de, OGT-2022 geljek üç günüň dowamynda bilermenlere, karar berýän şahslara we pudak ýolbaşçylaryna öz pikirlerini, bilimlerini we tejribelerini paýlaşmak üçin meýdança hödürläp, nebitiň we gazyň has netijeli öndürilmegine we sarp edilmegine ýardam eder.

Başga makalalar
165fbe460ac430.jpg
4-nji TAPGYR

Aklar başlaýar we utýar.


164ba2921783a3.jpg
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.


16149699f4c1d0.jpeg
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYK BAÝRAMYNA BAGYŞLANAN SERGÄ GATNAŞYJYLARA

Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar türkmen döwletiniň baş baýramy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şan-şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine berk ynanýaryn.


1614827e0bbe8a.jpeg
Prezident: Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmekde ägirt uly mümkinçiliklere eýe

Türkmenistan Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň işine gyzyklanma we hormat goýmak bilen garaýar, energetika hem-de ulag ulgamlarynda, söwda we maýa goýumlarda, senagatda, obasenagat toplumynda, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygymyzyň uly kuwwata eýedigine düşünýäris diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow geçen anna güni Täjigistanyň paýtagtynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitinde eden çykyşynda nygtady.


1632d4e465dc5e.jpeg
Daşary ýurt Liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar

Çarşenbe güni, 22-nji sentýabrda ençeme daşary ýurtlaryň Liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutladylar we dürli ugurlar boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.