Türkmen-koreýa parlamentara gepleşiklerinde täze energetika taslamalaryna maýa goýum mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
17:47 29.11.2022 4328
Maýa goýumlaryň kepillikleri hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy iki ýurduň arasynda maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekligi höweslendirer. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda belledi.
Şunuň bilen baglylykda, Kim Jin-Pýo taraplaryň bu resminamany tiz wagtda işläp tamamlamagynyň zerurlygyny belledi.
Duşenbe güni Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda netijeli türkmen-koreý gatnaşyklaryny okgunly ösdürmekde parlament diplomatiýasynyň eýeleýän möhüm orny nygtaldy. Iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek, şeýle-de bilelikdäki çäreleri guramak arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyna aýratyn üns çekildi.
«Dünýäde tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň gory boýunça dördünji orun eýelemegi bilen saýlanýan Türkmenistan hem-de öňdebaryjy tehnologiýalara eýelik edýän Koreýa birek-bireginiň üstüni ýetirýän ykdysady düzümlere eýe» — diýip, Kim Jin-Pýo aýtdy. Mysal hökmünde koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurlan bahasy 3 mlrd dollara barabar bolan Gyýanly gazhimiýa toplumyny getirdi. Ol 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanyşa girizildi.
Şunuň bilen baglylykda, Koreý parlamentiniň spikeri Türkmenistanyň energetika we infrastruktura taslamalaryna koreý kompaniýalarynyň has köp sanlysynyň gatnaşyp biljekdigine bil baglaýandygyny aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan energetika ulgamynda koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegini dowam eder, şeýle hem türkmen mekdeplerinde koreý diliniň öwredilmegini giňeltmek teklibini goldady we Koreý parlamentiniň spikerini özi üçin amatly wagtda Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy.
Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo EKSPO-2030 Bütindünýä sergisini Pusan şäherinde geçirmek teklibini goldamagyny haýyş edip Türkmenistana ýüz tutdy.
Halk Maslahatynyň ýolbaşçylygynda Seula baran wekiliýetiň düzümine Parlamentiň komitetleriniň ýolbaşçylary, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň, Suw hojalygy komitetiniň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi girdi.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.