Ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan HHR-e 9,2 mlrd dollarlyk tebigy gaz iberdi
18:49 21.12.2022 3518
11 aýda Türkmenistandan Hytaýa iberilen «mawy ýangyjyň» baha babatda görkezijisi 9,28 mlrd dollara barabar boldy diýip, sişenbe güni HHR-iň Baş gümrük gullugy habar berdi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Hytaýa turba geçiriji arkaly tebigy gaz iberýän döwletleriň arasynda öňdeligi saklamagyny dowam edýär. Ikinji ýerde — Russiýa (3,546 mlrd dollar), üçünji - Mýanma (1,29 mlrd), dördünji - Özbegistan (1,03 mlrd), bäşinji -Gazagystan (1 mlrd) ýerleşdi.
Türkmenistanyň wekiliýeti Seulda ýangyç-energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary B.Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet Koreýa Respublikasynda iş saparynda bolýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berdi.
Türkmenistanda nebitiň çykarylyşyny artdyrmak boýunça çäreler durmuşa geçirilýär
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Seýdiniň NGIZ-de ýarym ýylda 227 müň tonna çig mal gaýtadan işlenildi
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda 2023-nji ýylyň başky alty aýynda 227,4 müň tonnadan gowrak çig mal gaýtadan işlenildi. Şol bir wagtda önümçilik meýilnamasy 105,6% ýerine ýetirildi.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag ýurtlarynyň maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow Jidde şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» görnüşindäki Sammitinde eden çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň we Aýlag Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň ýurtlarynyň Birinji maýa goýum forumyny geçirmegi teklip etdi diýip, TDH agentligi habar berýär.