Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşdy

21:24 27.12.2022 4512

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/6404/original-163aabac1698fc.jpeg

Prezident Serdar Berdimuhamedow duşenbe güni Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, däp boýunça her ýyl Sankt-Peterburg şäherinde ýylyň ahyrynda geçirilýän GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.

Sammite şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew çagyryldy.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin resmi däl sammiti açyp, biziň şeýle dostlukly ýagdaýda ýygnanyşmagymyzyň özi, meniň pikirimçe, GDA giňişliginde hakyky strategik hyzmatdaşlyk, ähli ýurtlaryň bähbitlerini hasaba almak ruhunda gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de bilelikde ösdürmäge gyzyklanmalarymyzyň aýdyň subutnamasydyr diýip belledi.

Bellenilişi ýaly, geçip barýan ýylda biziň döwletlerimiziň köpugurly hyzmatdaşlygy, umuman, üstünlikli ösdürildi. Muny GDA-nyň ähli ýurtlarynyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi hem tassyklaýar. Netijede, GDA döwletleriniň ykdysady we maliýe özygtyýarlylygy pugtalandyryldy, harytlaryň, hyzmatlaryň, maýa serişdeleriniň içerki bazarlary okgunly ösdürildi, sebit derejesinde goşulyşmak meýilleri çuňlaşdyryldy.

W.Putiniň belleýşi ýaly, biziň halklarymyzy, hakykatdan-da, köp zatlar birleşdirýär: umumy taryh, ruhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň, gymmatlyklaryň, ýörelgeleriň çuňňur özara baglanyşygy hem-de elbetde, biziň köp milletli döwletlerimizi baglanyşdyryjy kuwwatly güýç bolan rus dili diýip, Russiýanyň Lideri kanagatlanma bilen nygtady we Arkalaşygyň ýurtlarynda 2023-nji ýyly “Rus diliniň ýyly” şygary astynda geçirmek baradaky başlangyjy goldandyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti sözüniň ahyrynda hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlady hem-de GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, Arkalaşygyň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüş wezipelerini netijeli çözmäge, sebit durnuklylygyny, howpsuzlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigini belledi.

Gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň dowamynda 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljek döwür üçin öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Bellenilişi ýaly, tamamlanyp barýan ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy üçin örän netijeli boldy. Ähli meýilleşdirilen çäreler üstünlikli geçirildi. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça wajyp ylalaşyklar gazanyldy.

TDH-nyň bellemegine görä, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň GDA ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde ykdysady ulgamdaky tagallalaryň wajypdygyna ünsi çekip, gurama agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi. Bu köptaraplaýyn resminama GDA-nyň 2019-njy ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi. Ol gurama agza ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmek, däp bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegi babatda özara gyzyklanmalary tassyklady.

Ýokary derejedäki resmi däl duşuşyga gatnaşyjylar öňde durýan maksatlaryň we wezipeleriň umumydygyny belläp, goňşy ýurtlar bilen bilelikdäki işde toplanan oňyn tejribäni hasaba almak arkaly däp bolan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga, ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmaga taýýardyklaryny ýene bir gezek tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar GDA gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köptaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň täsirli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, “Pulkowo” Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.