Türkmenistan we Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer
16:56 06.01.2023 4360
Türkmenistan bilen Hytaý gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.
Beýannamanyň teksti anna güni Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde çap edildi.
«Taraplar Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda gaz boýunça hyzmatdaşlygy möhümdigini belleýärler. Taraplar bu ugurda toplumlaýyn hyzmatdaşlygyň bu ugrunda – önümçilikde, turbageçirijiler boýunça akdyrmakda, söwdada, maliýeleşdirmekde we tehniki üpjünçilikde ülňüsi döredilendigini belleýärler».
«Türkmenistan we Hytaý energetika babatda hakyky strategik hyzmatdaşlar bolup durýarlar. Özara düşünişmek, akýüreklilik, açyklyk we özara bähbitli ýörelgelere eýerip, Taraplar mundan beýläk-de hereket edýän şertnamalary doly ýerine ýetirerler, gaz hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikleri ilerlederler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan işläp geçmegiň ikinji tapgyryny, «Türkmenistan–Hytaý» gazgeçirijisiniň D ulgamynyň gurluşygyny we beýleki bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrmagy çaltlandyrarlar, gaz senagatynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirerler» - diýlip Beýannamada bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajyplygyny belledi
28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
25-nji iýunda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we AÖB-niň wekilleri hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar
24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy bellenilip geçildi.