Hoşallyk maslahaty geçirildi
17:05 16.01.2023 5087
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda «Ajap döwrüň, baky bagtyň eýesi, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly hoşallyk maslahaty geçirildi.
Täze — 2023-nji ýylyň şygary bilen bagly geçirilen dabaraly çärä nebitgaz senagatynda zähmet çekýän ýolbaşçylar, jogapkär işgärler, hünärmenler, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» aýdym-saz folklor toparynyň I derejeli artisti Owazgeldi Pälwanow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň kafedra müdiri, professor Nurýagdy Suwhanow, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýew we beýlekiler öz çykyşlarynda täze gadam basylan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi diňe bir ýurdumyzyň ýaşlarynyň däl, eýsem, ähli ildeşlerimiziň, şol sanda nebitgaz toplumynyň agzybir işgärleriniň şatlygyna-şatlyk, buýsanjyna-buýsanç goşan taryhy waka öwrüldi diýip bellediler.
Hemmämiziň bilşimiz ýaly, geçen ýylda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň hukuk binýadyny has-da pugtalandyrdy. Bu Kanunyň kabul edilmegi nebitgaz toplumynyň işgärleriniň arasynda hem uly seslenme döretdi. Çünki onda zähmet köpçüliginiň aglaba bölegi kalplary hyjuwly, ruhubelent ýaşlardan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň agzybir zähmet köpçüliginiň birleşen tagallasy netijesinde, häzirki döwürde halkymyzy nebit we nebit önümleri hem-de gymmatly “mawy ýangyç” bilen üpjün etmekde, şeýle hem türkmen gazynyň, nebitiniň dünýä bazarynda öz mynasyp ornuny eýelemegine möhüm işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda toplumyň ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzda nebitgaz pudagyna degişli möhüm ähmiýetli senagat kärhanalarynyň gurulmagy, öň bar bolanlarynyň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagy, “gara altynyň”, “mawy ýangyjyň” täze senagat akymlarynyň alynmagy, olaryň gaýtadan işlenmegi bilen dünýä bazaryna çykarylýan energogöterijileriň mukdarynyň artmagy netijesinde döwletimiz dünýäde ykdysady taýdan barha kuwwatlanýan ýurda öwrüldi.
Şeýle mazmundaky çykyşlar hoşallyk maslahatynyň esasyny düzdi. Dabaraly çäräniň barşynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary belentden ýaňlandy.
Hoşallyk maslahatynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmeginiň wajyplygyny belledi
28-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
25-nji iýunda, çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň we AÖB-niň wekilleri hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň netijelerini we geljegini maslahatlaşdylar
24-nji iýunda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen Aziýa ösüş bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we Ýakyn Gündogardaky ýagdaýy maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça döwlet ministri Stiwen Dauti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenilip geçildi
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 26 ýyllygy bellenilip geçildi.