Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käninde baryp gördi
17:32 20.01.2023 6429
Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, «Galkynyş» gaz känine baryp gördi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň uçary paýtagtymyzdan ugrady we birnäçe wagtdan soňra Mary şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.
Döwlet Baştutanynyň dikuçary “Galkynyş” käniniň ýanyndaky meýdançada gondy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan işler, gaýtadan işleýän senagatyň düzümlerine döwrebap innowasion usullaryň ornaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň ýolbaşçysy B.Amanow degişli çyzgylary görkezip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy, önümçilik desgalarynyň kuwwaty, guýularyň gurluşygynyň tapgyrlary, täze guýularyň özleşdirilişi barada hasabat berdi.
Içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmek hem-de pudagyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.
Döwlet Baştutany “Galkynyş” gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini, onuň ulanmaga berilmeginiň Türkmenistanyň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrandygyny we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açandygyny nygtady.
Ýurdumyz amatly maýa goýum ýagdaýyny döredip, dünýäniň köp döwletleri, iri daşary ýurt kompaniýalary, abraýly maliýe edaralary we halkara guramalar bilen bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
“Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde birnäçe düzümleýin desgalary gurdy. Bu gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek bilen baglanyşykly ähli tehnologik işleriň awtomatlaşdyrylandygyny bellemek gerek. Ýörite enjamlar desgalaryň ygtybarly işini we ekologik taýdan howpsuzlygyny üpjün edýär.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, halk hojalygy toplumyny döwrebaplaşdyrmak we innowasion taýdan ösdürmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutany ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmegiň, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň hem-de öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi.
Prezident milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda ýangyç-energetika ulgamynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň ähmiýetini nygtap, içerki sarp edijileri tebigy gaz bilen doly üpjün etmegiň hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmagyň möhümdigine ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.