Türkmenistanyň we Russiýanyň wise-premýerleri nebitgaz hem-de beýleki ulgamlarda mümkin bolan bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdylar
19:28 20.01.2023 4957
Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Şahym Abdrahmanow penşenbe güni Aşgabatda iki ýurduň nebitgaz ulgamynda, elektroenergetikada, energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde we parahatçylykly atom ulgamynda özara gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar. Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň metbugat gullugy bahar berdi.
«Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Aleksandr Nowak Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar Russiýa bilen Türkmenistanyň nebitgaz, elektroenergetika, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri we parahatçylykly atom ulgamlarynda özara gatnaşyklaryny maslahatlaşdylar» - diýlip habarda aýdylýar.
Duşuşygyň barşynda bellenilişi ýaly, rus kompaniýalary enjamlary ibermek boýunça ýerli potratçylary çekmek arkaly Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak ulgamynda öz hyzmatlaryny hödürleýär.
Mundan başga-da, bellenilişi ýaly, rus nebit kompaniýalary Türkmenistanda känleri işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga taýýar. Şeýle hem nebiti we gazy ibermek, gaz infrastrukturasynyň gurluşygy, Hazar deňziniň ekologiýa howpsuzlygyny gorap saklamak ulgamlarynda özara gatnaşyklar maslahatlaşyldy.
Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowagyň nygtaýşy ýaly, RF we Türkmenistan — öňden gelýän dostlar, ygtybarly hyzmatdaşlar.
«Moskwa we Aşgabat deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň gyzyklanmalaryny nazara almak esasynda özara gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmäge taýýar» - diýip A.Nowak belledi.
Aleksandr Nowak RF-niň premýer-ministri Mihail Mişustiniň saparynyň çäklerinde rus wekiliýetiniň düzüminde türkmen-russiýa işewürler forumyna gatnaşmak üçin penşenbe güni Aşgabada geldi.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.