Ýokary derejedäki Türkmen-russiýa gepleşiklerinde söwda, energetika we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi

17:33 20.01.2023 9856

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/6631/original-163ca72416eff4.jpeg

Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistana resmi saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen gepleşikleri geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Ir bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat» ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Soňra Russiýanyň premýer-ministri Mihail Mişustin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ondan soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gepleşikler geçirdi.

Resmi garşylamak dabarasynda soňra taraplar ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň giňeldiien düzümdäki duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy syýasy, ykdysadyýet we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada pikir alyşdylar. Gepleşiklerde söwda, energetika we ulag ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmeklige aýratyn üns berildi.

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.