Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlary çekmek boýunça Dubaýda Halkara roud-şou üçin hasaba almaklyk açyldy
19:35 03.02.2023 4927
«Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara roud-şou» üçin hasaba almaklyk açyldy diýip, 26-27-nji aprelde Dubaýda geçiriljek çäräniň guramaçylary habar berdiler. Forumy gurnaýjylaryň hatarynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldamagynda «Turkmen Forum» HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.
«Hyatt Regency» myhmanhanasynda geçiriljek çäräniň esasy maksady Türkmenistanyň energetika pudagynyň ähli ulgamlaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin mümkinçilikleri giňeltmek we energetika ulgamynyň mundan beýläkki durnukly ösüşi üçin sebit dialogyny berkitmek bolup durýar. Mundan başga-da, çäräniň dowamynda nebiti we gazy çykarmak, ibermek we gaýtadan işlemek bilen gönüden-göni bagly bolan mümkinçiliklere garalar.
Çärä öňdebaryjy milli we halkara energetika kompaniýalary, şeýle hem sebitde nebitgaz pudagynyň geljegini formirleýän bilermenler gatnaşar.
Türkmen tarapyndan çykyş edýänleriň hatarynda — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimýa» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, Türkmenistannyň maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary, Türkmenbaşydaky Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan Döwran Çişiýew, NAPECO, «TAPI Pipeline Company Ltd» kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Daşry ykdysady iş bankyndan wekilleri gatnaşar.
Esasy daşary ýurtly çykyş edýänleriň hatarynda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts, Energetika Hartiýasynyň Sekretariatynyň Baş sekretary Gai Lens, CNPC, Topsoe, SOCAR we SOCAR Trading S.A, Dragon Oil, Eni, Gaffney, Cline & Associates, “Schlumberger Logelco, Inc.” Şahamçasynyň we beýlekileriň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryna garaşylýar.
Dubaýda geçiriljek çärä baryp gatnaşyp bilmejekler üçin Zoom platformasynyň üsti bilen göni ýaýlym guralar.
Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar onlaýn görnüşde bolşy ýaly, ýüzbe-ýüz görnüşde hem elýeterli bolar diýip, guramaçylaryň saýtynda habar berilýär.
Forum hakynda jikme-jik maglumatlary, şeýle hem hasaba durmagyň şertleri we talaplary hakynda maglumatlary ogt-turkmenistan.com saýtyndan alyp bilersiňiz.
Çärä ýüzbe-ýüz gatnaşmak üçin hasaba durmagyň soňky möhleti — 16-njy aprel, onlaýn gatnaşmak üçin — 20-nji aprel.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.