Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklady
22:24 14.02.2023 6319
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2023-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna gol çekdi. Döwlet Baştutany degişli resminama geçen anna güni gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar.
Daşary söwda dolanyşygynyň möçberini 19,4 milliard amerikan dollaryna ýetirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek göz öňünde tutulýar. Jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak arkaly ilatyň girdejilerini artdyrmak, ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak göz öňünde tutulýar diýip, döwlet Baştutany aýtdy we bu Maksatnamany tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.
Serdar Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň binýadyny berkitmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly täze pudaklary we önümçilikleri döretmek, şeýle hem ykdysadyýetde hususy bölegiň paýyny artdyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.