Nebitgaz toplumynda ýylyň jemlerine garaldy

09:59 16.02.2023 5760

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/6888/original-163edb8251a2c9.jpeg

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly diýlip yglan edilen 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 10-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew  hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işgärlerine uly ynam bildirip, ulgamyň işiniň has-da kämilleşdirilmegi ugrunda döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýändigini, şonuň üçin hem bu beýik ynamy ödäp, tutanýerli, yhlasly zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygyny aýratyn belledi. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň baş direktory Merdan Pirliýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary 2022-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ilaty, önümçilik kuwwatlyklaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmek, hojalyklarda we önümçiliklerde energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmagyň ýollaryny öwrenmek, energiýa serişdelerine garaşlylygy azaltmak bilen, milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak esasynda ösdürmek, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary bilen bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek, täze derejelere çykarmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak we ony önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak barada giňişleýin pikir alşyldy.

Şeýle hem maslahatda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny çykarmak ulgamynda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmekde geçirilýän degişli işler, «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri güýçlendirmek, Hazar deňziniň sebitinde gözleg we özleşdirmek işlerini üpjün etmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň meseleleri bilen bagly alnyp barylýan işler barada we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynyň ahyrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew ony jemlemek bilen, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň öňdebaryjy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk hem ösdürmek babatda öňde goýan wajyp wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» ÝGPJ-niň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi.

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.