Mitro International we PETRONAS – Dubaýdaky Halkara forumynyň hemaýatkärleriniň hatarynda
17:30 24.03.2023 10343
26-27-nji aprelde Dubaýda (BAE) geçiriljek Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň öz işine başlamagyna bir aýdan sähel köp wagt galdy. Häzirki wagtda bu möhüm pudaklaýyn foruma taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär.
Çäräniň guramaçylarynyň habar bermegine görä, nebitgaz toplumynda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary bu foruma hemaýatkär bolmak meýillerini eýýämden tassykladylar. Şeýlelik bilen, Mitro International kompaniýasy International Roadshow-da altyn hemaýatkär derejesini tassyklady. Petronas kompaniýasy bolsa forumyň bürünç hemaýatkäri bolar.
Mundan başga-da, Upstream, PETRONAS-da halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mark Fitsjerald 4-nji sessiýada doklad bilen çykyş eder. Onuň mowzugy — türkmen energetika toplumynda maýa goýum mümkinçilikleri.
Forumda çykyşlaryny tassyklan beýleki spikerleriň arasynda birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň top menejerleri hem bar. Olaryň hatarynda: Ali Raşid Al Jarwan — Dragon Oil-yň baş direktory; Jasper Peýs – strategiýa we biznes boýunça wise-prezident, ADNOC; Çen Huaýlun – Baş direktor, Türkmenistandaky CNPC International; Waleri Dýukro – Global Gas Center-iň ýerine ýetiriji direktory (GGC); Kler GOdar — Ýakyn Gündogar we Afrika boýunça analitika boýunça menejer, S&P Global Commodity Insights; Migel Brito – energetika boýunça analitik, S&P Platts we beýlekiler bar.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.