Bäş aýyň jemine garaldy

14:47 10.07.2020 5177

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/172/original-15f06fd191fbe1.jpeg

8-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda toplumyň düzümine girýän konsernlerde, korporasiýada we edara-kärhanalarda 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynyň geçen bäş aýynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi we hormatly Prezidentimiziň 5-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren nobatdaky mejlisinde toplumyň öňünde bellän wezipelerini durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Hasabat ýygnagyna Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda häzirki döwürde dünýäde koronawirus ýokanjy zerarly emele gelen ýagdaý bilen baglylykda ilatyň arasynda arassaçylyk we öňüni alyş çärelerini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, toplumyň düzümlerinde geçen bäş aýyň dowamyndaky önümçilik görkezijileriniň, maliýe-ykdysady işiň ýagdaýy barada habar berdiler. Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beýleki pudaklar bilen birlikde nebitgaz toplumynyň öňünde bellän wezipeleri barada durup geçdi.Wise-premýer geçen bäş aýda ýerine ýetirilen işler barada hasabat bermek üçin Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewe söz berdi. Ministr öz hasabatynda konserniň edara-kärhanalary tarapyndan ady tutulan döwürde önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişiniň ýagdaýy barada habar berdi. Konsern tarapyndan iri känlerde tebigy gazyň we ondan alynýan ugurdaş önümleriň çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary gözlemek we ulanyşa bermek, öň bar bolan guýularyň önüm berijiligini güýçlendirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Hasabat ýygnagynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy ª.Abdrahmanow, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory B.Amanow hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň we edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň geçen bäş aýynyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemi, öňde duran wezipeler barada çykyş etdiler. Hasabatlara görä, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda, şeýle hem Gyýanlydaky polimer zawodynda, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän toplumda önümçilikleriň depginini has-da güýçlendirmek ugrundaky işler maksatnamalaýyn dowam etdirilýär. “Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan” gaz geçirijisiniň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň bellän wezipelerinden ugur alnyp, pudaga täze maýa goýumlaryny çekmek, daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek, önümçiliklerde ylmy we innowasion gazanylanlary ornaşdyrmak boýunça işler giň gerime eýe bolýar. Hasabat ýygnagynda ýurdumyzyň täze ilatly ýerlerini gazlaşdyrmakda, awtoulaglary ýokary hilli we ekologik taýdan arassa ýangyç bilen üpjün etmekde alnyp barylýan işler, “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň we “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazylmytaslama” institutynyň alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, täze ýataklary gözläp tapmak ugrundaky ylmy barlaglarynyň netijeleri, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde geljekki hünärmenleri taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işler, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Nebitgazhyzmat” müdirliginiň geçen döwürde gazanan maliýe-ykdysady görkezijileri baradaky hasabatlar diňlenildi. Hasabat ýygnagynyň ahyrynda wise-premýer M.Meredow ýygnananlara ýüzlenip, hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda” bellän wezipelerini durmuşa geçirmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Başga makalalar
1685ce5cb03f98.jpg
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.


1622845ccd4553.jpeg
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.


166e297080194c.jpg
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi

11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.


162285788be115.jpeg
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.


166e296e0371a4.jpg
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär

“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.