OPEC+ karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler — Muhammed Arkab
14:50 10.07.2020 3991
6-njy iýunda OPEC+ ministrleriniň kabul eden karary nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip biler, diýip duşenbe güni OPEC maslahatynyň prezidenti, Alžiriň energetika ministri Muhammed Arkab belledi, diýip TASS habar berýär.«OPEC+ ministrleriniň nebit çykarylyşyny çäklendirmegiň häzirki hereket edýän ölçeglerini uzaltmak hakynda geden şenbe güni kabul eden çözgüdi nebit bazaryny dikeltmekligi tizleşdirip we nebit ammarlaryny dolmagyny haýalladyp biler. Bu bolsa bazaryň kadalaşmagyna ýardam eder» - diýip onuň aýdanlaryny Algerie Press Service habarlar agentligi getirýär.Arkabyň nygtaýşy ýaly, şenbe günündäki duşuşykdaky kabul edilen çözgüt ählumumy bähbidiň hatyrasyna nebit bazaryny durnuklaşdyrmak üçin görlüp-eşidilmedik ykdysady çökgünlik şertlerinde hyzmatdaşlyk etmegiň we köpugurly özara gatnaşyklaryň wajyplygynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek tassyklaýar. Ol şeýle hem «taraplaryň ählisiniň ylalaşykly çözgütleri tapmaga, aýratyn hem duşuşyklardan öň geçirilýän gepleşiklerde çözgütleri tapmaga bolan oňaýly ymtylyşyna we taýýarlygyna» ýokary baha berdi.Arkabyň pikirine görä, 6-njy iýunda geçirilen OPEC we OPEC+ ministrleriniň duşuşygy «kabul edilen çözgütleriň häzirki adatdan daşary ýagdaýlarda nebit bazarynyň ýüzbe-ýüz bolan çagyryşlaryna barabardygyny nazara alsaň, iň netijeli duşuşyklaryň biri boldy».OPEC maslahatynyň prezidentiniň şeýle hem belleýşi ýaly, «ýylyň ahyryna çenli her aýda geçirilip duruljak monitoring boýunça bilelikdäki ministrler geňeşiniň mejlisi bazary öwrenmäge we geljekki meýilnamalar baha bermäge mümkinçilik berýär. Şunuň netijesinde zerur bolan ýagdaýlarda goşmaça çäreler görler».OPEC+ ýurtlary 12-nji aprelde adatdan daşary geçirilen wideomaslahatda nebitiň çykarylyşyny çäklendirmek hakynda ylalaşyk baglaşdylar. Ylalaşyga laýyklykda, nebitiň çykarylyşy maý-iýun aýlarynda 9,7 mln b/g, iýulda-dekabrda – 7,7 mln b/g, 2021-nji ýylyň ýanwaryndan – 2022-nji ýylyň apreli – 5,8 mln b,g azaldylmagy. 6-nji iýunda OPEC+ ministrleri nebit çykarylyşyny 9,7 mln b/g çäklendirmek hakynda hereket edýän ylalaşygyň ölçeglerini iýul aýyna çenli hem uzaltmagy ylalaşdylar.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.