Hyundai Engineering — Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hyzmatdaşy

16:19 12.04.2023 6067

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7336/original-16436543cb943b.jpeg

Hyundai Engineering  2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.

1974-nji ýylda esaslandyrylan Hyundai Engineering diňe bir Koreýa Respublikasynda däl, eýsem bütin dünýäde dürli ugurlarda inženerçilik çözgütlerini hödürleýän global kompaniýa öwrüldi. Kompaniýa köp ýyllyk tejribä, öňdebaryjy tehnologiýalara we adam mümkinçiliklerine esaslanýan gymmatlyklary döretmäge ymtylýar.

Türkmenistanda öz işjeňliginiň 10 ýylynyň içinde Hyundai Engineering birnäçe iri bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirip, iň çylşyrymly wezipeleri ýerine ýetirmäge taýýar hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde özüni tanatdy.

2013-nji ýylda «Galkynyş» gaz ýatagynda kompaniýa gazy kükürtden arassalaýjy desgany gurdy. LX International Corporation bilen hyzmatdaşlykda Hyundai Engineering  Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda birnäçe täze tehnologik desgalary işe girizdi.

2018-nji ýylda Günorta Koreýa kärhanasy Balkan welaýatyndaky Gyýanly şäherçesinde täze gaz-himiki toplumyň gurluşygyny tamamlady. Onuň her ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge mümkinçiligi bar. Önüm öndürilende öňdebaryjy we ekologik taýdan howpsuz tehnologiýalar ulanylýar.

Bahasy 3,4 mlrd ABŞ-nyň dollary bolan taslama Hyundai Engineering tarapyndan LX International Corporation we TOYO Engineering Corporation kompaniýalary bilen bilelikde ýerine ýetirildi.

2014-nji ýylda taslamany taýýarlama tapgyrynda Hyundai Engineering kompaniýasynyň Beýik Britaniýada TXF (Trade-Export-Finance)-den Ýewropadaky we Aziýadaky iň gowy on sany ekologik taýdan arassa taslamalaryň biri hökmünde ýörite sylag alandygy bellenmäge mynasypdyr.

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.