WTL Türkmenistanda ekologiýa gurşawyny goramak nukdaýnazaryndan iş alyp barýar
22:51 25.08.2020 5012
Türkmenistanda daşky gurşawy guramak işi nebiti çykarmak we ony ugratmak, gaýtadan işlemek we peýdalanmak bilen bagly senagatyň birnäçe pudaklarynda üpjün edilýär. Westport Trading Europe Limited kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň direktory Allaberdi Ylýasowyň «Golos SNG» onlaýn radiosyna beren gürrüňine laýyklykda, amerikan kompaniýasy tarapyndan nebiti gaýtadan işlemekde üstünlikli ulanylýan täze nesliň enjamlarynyň nusgasy döredildi. Kompaniýanyň hünärmenleri ekologiýa gurşawyny gorap saklamak nukdaýnazaryndan birnäçe taslamalary işläp düzýärler.Ekologiýa taýdan arassa prosesleri işläp düzmek we galyndylary ýok etmek, nebit önümçilikleriniň gaz zyňyndylaryny arassalamak, zeý suwlaryny arassalamak, daşky gurşawyň nebit we nebit önümleri bilen hapalanmagyna gözegçilik etmek nebiti we gazy çykarmakda tebigaty gorap saklamak ulgamynda ileri tutulýan ugurlardyr.— Atmosferanyň hapalanmagynyň öňüni almakda möhüm ugurlaryň hataryna tehnologiki prosesleri kämilleşdirmeklik hem degişlidir. Mundan başga-da, nebiti gaýtadan işleýän kärhanalar arassalaýyş ulgamlary (durgunlaşdyrmak, süzmek, zeý suwlaryny mikrobiologiki we himiki arassalamak we beýlekiler) bilen enjamlaşdyrylýar.Häzirki wagtda kompaniýanyň hünärmenleri haýalladylan kokslaşdyryjy we gudrony deasfaltlaýjy desgalaryň gurluşygyna başlady. Haýalladylan kokslaşdyrma desgasy zawodda dürli agyr galyndylary (gudrony, nebitşlamlaryny, asfaltlary we beýlekileri) has gymmat bahaly ýeňil nebit önümlerine (benzin, dizel ýangyjy) we elektrod koksuna gaýtadan işlemek üçin niýetlenilendir.
Türkmenistan Hazarda ekologiýa howpsuzlygy boýunça Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmegi teklip etdi
Türkmenistanyň ýolbaşçylygy derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we Hazarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek maksady bilen, Hazarýaka döwletleriniň ýolbaşçylarynyň ýörite sammitini geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini söndürmekde Türkmenistana ýardam etmegi teklip etdi
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistana Derwezede ýanyp duran gaz kraterinden gaz zyňyndylarynyň meselesini çözmäge öz ýardamyny teklip etdi.
Türkmenistan Owganystana nobatdaky ynsanperwerlik kömegini iberdi
11-nji sentýabrda türkmen-owgan serhedinde Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna goňşy Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberildi.
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-2023-ni ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
ABŞ-nyň Energetika ministrligi 2022-nji ýylda Brent nebitiniň bahasy boýunça çaklamasyny barreli üçin 82,87 dollara çenli artdyryp, 105,22 dollar diýip çaklady. Muňa Edaranyň energetiki maglumatlar müdirliginiň her aýlyk çaklamalary şaýatlyk edýär. Muny Interfaks ýetirýär.
Türkmenistan we Gazagystan gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmegi meýilleşdirýär
“Türkmengaz” döwlet konserni we Gazagystanyň Energetika ministrligi gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.