Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
17:26 25.04.2023 5729
Şu gün, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäheri Dubaýda Hyatt Regency Creek Heights myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-njy aprelde geçiriljek Halkara forumynyň wekillerini hasaba almak çäresi geçirilýär.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy — Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew edaralaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşykda Dubaýda maýa goýum forumyna taýýarlyk we netijeli geçirmek meselelerini maslahatlaşdy.
Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, aprel aýynda Dubaýda geçiriljek halkara maýa goýum forumyny ýokary derejede taýýarlamak we geçirmek möhümdir.
Forumyň işi 26-njy aprelde irden umumy mejlisden başlar. Çykyş edýänleriň hatarynda — Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary we halkara nebitgaz bazarynyň iri wekilleri bar.
Dubaýdaky forumyň gün tertibine tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarlaryny ösdürmek, Hazar deňziniň türkmen kenaryndaky deňiz bloklaryny özleşdirmek boýunça taslamalara daşary ýurt kapitalyny çekmek, Galkynyş gaz känini işläp taýýarlamagy dowam etmek meseleleri girizildi.
Sişenbe güni, maýa goýum forumynyň öňýanynda diňe bir Dubaýyň däl, eýsem, dünýäniň iň özboluşly ýerlerine iş saparlary meýilleşdirildi. Bu — dünýäde iň iri elektrik bekedi bolan Gün energetikasy seýilgähi. Ol Gün şöhlesini özleşdirmegiň netijesinde işleýär. Garaşylyşy ýaly, 2030-njy ýylda taslama tamamlanandan soň, bu ýerde ýylda 5 müň MWt elektrik energiýasy işlenip taýýarlanar, bu 2050-nji ýyla çenli Dubaýa arassa çeşmelerden 75% energiýa almaga mümkinçilik berer. Şeýle hem Geljegiň muzeýine baryp görmek meýilleşdirildi.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.