Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady
15:15 26.04.2023 5551
Şu gün Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) Hyatt Regency myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Onuň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» HJ we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen gutlagyny Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Aşyrguly Begliýew okady.
Gutlag hatynda döwlet Baştutany Dubaý şäherinde geçirilýän bu halkara forumyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary işjeň çekmäge, iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we ösdürmäge, önümçiliklere ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynanýandygyny belleýär.
Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Garaşsyz Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň, şunuň bilen birlikde, beýleki halklaryň bähbidine gönükdirmäge we sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýar. Şoňa görä-de, bu ugurda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Şeýle taslamalaryň biri-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisidir diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Forumyň umumy mejlisi Türkmenistanyň global energetikanyň geljegindäki ornuna bagyşlandy. Onda wekiller Türkmenistanda uglewodorodlaryň känlerini işläp taýýarlamakda durmuşa geçirilen taslamalaryň häzirki ýagdaýy, ýokary tehnologiýaly gaýtadan işleýän kärhanalar barada aýdyldy.
Umumy mejlisde çykyş edýänleriň hatarynda BAE-niň döwlet ministri Ahmed Ali Al Saýed, «Türkmengaz» DK-nyň başlygy Batyr Amanow, Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygryýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew, CNPC-niň ýanyndaky «Ýakyn Gündogar» kompaniýasynyň prezidenti Wan Guýhaý, Total Energies-yň uly wise-prezidenti Loran Wiwýe bar.
Forumyň birinji gününde üç sany mejlis geçiriler, olar türkmen energetika toplumynyň guryýerdäki maýa goýum mümkinçiliklerine, uglewodorod känlerini özleşdirmegiň ekologiýa jähtlerine bagyşlanar
Iki günüň dowamynda Türkmenistan halkara duşuşygyna gatnaşyjylaryň we 200-den gowrak halkara energetika kompaniýalarynyň, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem dünýäde nebitgaz toplumynyň bilermenleriniň üns merkezinde bolar.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.