«Türkmennebit» DK daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy

21:54 27.04.2023 7281

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7488/original-1644a5dd019970.jpeg

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Dubaýda geçýän nebitgaz maýa goýum forumynda eden çykyşynda daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

— Türkmenistanda nebit işewürligini alyp barmak üçin ähli hukuk esaslary we şertleri bar. Olar degişli kanunlar bilen berkidilen. Bu meýdançadan peýdalanyp, Türkmenistanda maýa goýum işjeňligine işjeň gatnaşmaga çagyrýarys — diýip, G.Agajanow aýtdy.

«Türkmennebit» konserniniň nebit aktiwleri häzirki wagtda işlemegiň dürli döwürlerinde ýerleşýän 30-dan gowrak nebit ýatagynda jemlenendir. Ýurtda hereket edýän nebit-gaz guýularynyň sany 2300-den geçýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdeleri 18,2 milliard tonna nebit ekwiwalenti görnüşinde bahalandyrylýar – diýip Agajanow belledi.

Ol konserniň esasy işiniň Türkmenistanyň Günbataryna gönükdirilendigini belledi we bu sebitde nebitiň we gazyň ýataklarynyň aýratynlygy olarda tektoniki bozulmalaryň bolmagy we köp gatlakly gurluşyň bolmagydyr, bu bolsa her nebit we gaz ýatagyny işlemekde innowasion tehnologiýalary ulanmak bilen birlikde aýratyn çemeleşmäni talap edýär.

Ozaldan özleşdirilýän nebit ýataklarynda almasy kyn bolan nebiti çykarmak üçin,  ozal elýeterli bolmadyk aşa çuňlukda ýerleşen nebit gorizontlaryny özleşdirmek üçin ähli tehnologiki önümçiligiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrma işleri geçirilýär, şeýle hem döwrebap tehnika we ýokary netijeli enjamlar giňden ornaşdyrylýar.  

Bu wezipeleri çözmek üçin, şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen, konsern  Yug-Neftegaz Private Limited (Singapur), ПАО «Татнефть» (Tatarystan Respublikasy, RF), Hytaýyň nebit-himiýa korporasiýasynyň ýanyndaky Halkara nebit hyzmat kompaniýasy (SINOPEC), Sсhlumberger we başga-da köp kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.  Konserniň başlygy mümkin bolan hyzmatdaşlary Türkmenistandaky maýa goýum işjeňligine goşulmaga çagyrdy.

Agajanow konserniň geologiýa gözleg işleriniň täze ýokary geljekli usulyýetleri, guýulary gorizontal burawlamakda öňdebaryjy tehnologiýalar, çylşyrymly dag-geologik şertleri bolan nebit ýataklaryny işlemek babatynda tekliplere seretmäge  taýýardygyny  beýan etdi.  

Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugurlarynyň biri — nebiti gaýtadan işlemek we nebit-himiýadyr.  Häzirki wagtda nebiti we gaz kondensatyny gaýtadan işleýän türkmen kärhanalarynyň kuwwatlygy içerki bazary nebit önümleri bilen doly üpjün etmäge, şeýle hem olary eksport etmäge mümkinçilik berýär.

Täze desgalaryň, şol sanda wodorod öndürýän desgalaryň gurluşygy meýilleşdirilýär. Wodorod gurluşy boýunça halkara bäsleşiginiň netijeleri boýunça Daniýanyň Haldor Topsoe kompaniýasynyň tehnologiýasyny teklip eden kompaniýalar konsorsiumy ýeňiji diýlip yglan edildi – diýip, Guwanç Agajanow habar berdi.  Ol konserniň daşary ýurt kompaniýalaryndan nebiti gaýtadan işleýji zawodlary döwrebaplaşdyrmak, önümiň täze nomenklaturasyny çykarmak, önümçiligi ekologiýa laýyk etmek boýunça beýleki tekliplere hem seretmäge taýýardygyny nygtady.

Tanyşdyrylyşyň ahyrynda Agajanow konserniň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatyndaky geçirýän işini belledi, «Türkmennebit» DK-niň döwrebap ekologiki we serişdelere aýawly çemeleşýän tehnologiýalara geçmäge ymtylýandygyny beýan etdi.

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.