Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Ýeňiş güni bilen gutlady

06:53 09.05.2023 7097

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/7590/original-16459ea9f9e781.jpg

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli gutlady.

«Sizi 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Parahatçylygy, dostlugy, hoşniýetliligi dabaralandyrýan Ýeňiş gününiň şanyna geçiriljek medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň, aýdym-sazly dabaralaryň ata-babalarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň, belent sarpanyň mynasyp beýanyna öwrülip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýlip Gutlagda aýdylýar.

«Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular» diýip döwlet Baştutany belleýär.

Ýürek-bagry paralaýjy bu agyr döwürde gelin-gyzlarymyz, enelerimiz tarapyndan altyn we kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramy Goranmak gaznasyna meýletin tabşyryldy — diýip Gutlagda aýdylýar.

«1941 — 1945-nji ýyllaryň şöhratly taryhyny, söweş meýdanlarynda şirin janyny gaýgyrman, hakyky gahrymançylyk görkezen, front üçin gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz».

«Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem asylly däbimize eýerip, Ýeňiş baýramyny giňden dabaralandyryp, baky hormatyň, ebedi şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyzy hatyralap, ýyllaryň we nesilleriň arabaglanyşygyny has-da berkidýäris» - diýlip bellenilýär. 

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.