Mejlisde Ýewroparlamentiň wekilleri bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
14:46 20.06.2023 6845
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşygynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer-medeni ugurlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde günsaýyn täze üstünliklere eýe bolup, halkara giňişlikde ornuny pugtalandyrýandygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Ýewropa parlamenti bilen özara gatnaşyklar ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen taslamalaryň, maksatnamalaryň çäginde ileri tutulýan meseleleri üstünlikli çözmekde, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, Daşary işler ministrlikleriniň konsultatiw duşuşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlarynda netijeli ösdürilýär.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, şertnama-hukuk binýadyny, özara tejribe alyşmagy giňeltmek, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklarydyr geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.