Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
04:47 06.07.2023 10133
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýew, şeýle-de ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň hünärmenleri, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hem-de beýleki ýolbaşçylar öz çykyşlarynda täze çap edilen we halk köpçüligine hödürlenen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň ähmiýeti, onuň bezeg aýratynlyklary, many-mazmuny, sebitde deňi-taýy bolmadyk täze açylyp ulanylmaga berlen Arkadag şäheriniň aýratynlyklaryny, gözelligini açyp görkezmekdäki mynasyp orny barada aýratyn bellediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň agzasy, halyçy, telekeçi Orazgül Eýeberdiýewanyň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Sapar Ataberdiýewiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň Gaz çykaryş tehnologiýalary barlaghanasynyň müdiri Myrat Baýramgylyjowyň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Nebiti gaýtadan işlemek müdirliginiň baş hünärmeni Sona Kerimowanyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Merkezi önümçilik barlaghanasynyň himik-laboranty Aýgül Durdyýewanyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Jemal Sapargulyýewanyň çykyşlary örän täsirli boldy.
Dabaranyň dowamynda täze Arkadag şäheriniň waspy belentden ýetirilip, türkmen halkyny, eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan, asyryň gurluşygy adyna eýe bolýan ençeme iri taslamalary durmuşa geçirmekde dünýä nusgalyk işleri bitirýän, raýatlarymyzyň ýagty geljegini, eşretli durmuşyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözleri aýdyldy.
Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa nebitgaz toplumynyň işgärleriniň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi
«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy
Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.