«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär

15:49 16.08.2023 8414

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/8413/original-164dc75f16ac8e.jpg

«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.

«Halaçetrapgaz» gaz hojalygynyň ýolbaşçysy Yhlas Abdullaýewiň aýtmagyna görä, bu etrapda tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 15 müňden geçýär. Ýaşaýjylary  tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmekde «Halaçetrapgaz» gaz hojalygynyň dürli hünär taýýarlykly 110-dan gowrak işgärleri zähmet çekýär. Olar dürli basyşdaky uzynlygy 803 km bolan gaz geçiriji ulgamlara, şeýle hem 404 sany gaz paýlaýjy we sazlaýjy desgalara gözegçilik edýärler.

Ýakyn wagtda etrabyň üç sany geňeşliginiň täze ilatly nokatlaryny gazlaşdyrmak boýunça işleriň dowam etmegi netijesinde tebigy gazdan peýdalanýan öý hojalyklarynyň sany has hem artar.

Edaranyň hünärmenleri ilat bilen ýakyn aragatnaşykda bolup, gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünlerini düşündirýärler. Tebigy gazdan peýdalanyjylaryň ählisi gaz ölçeýji enjamlar bilen dolulygyna üpjün edilip, sarp edilen tebigy gaz üçin yzygiderli töleg edýärler.

Halaç — welaýatyň iň gür ilatly etraplarynyň biri. Munuň özi bu ýerde maşgalalaryň sanynyň ýylyň-ýylyna artmagy bilen şertlendirilýär. Netijede täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem artýar.

Şu ýylyň alty aýynda etrapda gurlan gaz geçirijileriň umumy uzynlygy 5 müň 435 metre barabar. Geçen döwürde işleriň aglaba bölegi Surh geňeşliginiň çäginde geçirildi. Häzirki wagtda gurluşykçylar tarapyndan iki kilometr töweregi aralykda degişli işleri ýerine ýetirdiler.

Bu taslamany durmuşa geçirmekde «Türkmengazüpjünçilik» Birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň gurluşykçylary zähmet çekýär. Bu işleri olar Esenmeňli etrap geňeşliginde hem alyp barýarlar. Bu ýerde gurlan gaz geçirijiniň uzynlygy bu günki gün bir kilometre ýetýär.

Başga makalalar
16311d5ea01cdc.jpeg
«Gazprom» 150 atmosfera basyşly gaz ulag ulgamyny döretmegi karar etdi

«Gazprom» işçi basyşy 150 atmosfera (14,8 Mpa) bolan gaz ulag ulgamyny döretmek hakynda karar kabul etdi. Anna güni Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, bu barada Tatarystan nebitgazhimiýa forumynyň barşynda «Gazpromyň» iberijileriniň gününde kompaniýanyň başlygynyň orunbasary Oleg Aksýutin belledi.


16311a0ecaf1d1.jpeg
Bilermen ÝB-de gazyň bahalarynyň aňry çäginiň girizilmegine mümkin bolan jogaby barada aýtdy

Ýewropada rus gazynyň bahasyna aňry çägiň girizilmegi beýleki iberijiler tarapyndan ýaramaz kabul edilip bilner, olar geljekde, ýagny baha çägi girizilende ibermeleriniň bahalaryny aşaklatmak islemeseler gerek diýip, Vygon Consulting kompaniýasynyň barlaglar boýunça direktory Mariýa Belowa Ria Nowosti agentligine gürrüň berdi.


163119ac21c6d3.jpeg
Birža söwdalarynda dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy eksport etmek boýunça geleşikler baglaşyldy

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň söwdalarynda 30-njy awgustda umumy bahasy ABŞ-nyň 17,7 mln dollaryna ýa-da 1,6 mln türkmen manadyna barabar bolan 13 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habar berýär.


167e560f178661.jpg
Hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de giňeldilmegi Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýär – Mihail Mişustin

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň Russiýanyň we Türkmenistanyň bähbitlerine doly laýyk gelýändigine berk ynanýandygyny beýan etdi. Bu barada ol Nowruz baýramy mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen gutlagynda belleýär.


1631058e125933.jpeg
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär

Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.