TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň kompaniýalary nebitgaz toplumynyň önümlerini aldylar
15:30 05.09.2023 8189
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini hem-de az kükürtli ýangyç mazudyny satyn aldylar.Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine ýorgan-düşek toplumlary, tüýjümek we jins önümleriniň dürli görnüşleri, nah mata hem-de ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 70 million 540 müň dollaryna golaý boldy.Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 75 million 745 müň manatlykdan gowrak “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.
Türkmenistanyň we Owganystanyň diplomatlary Moskwada strategik hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar
24-nji iýulda Türkmenistanyň Russiýadaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Moskwada Owganystanyň ilçisi Mawlawi Gul Hassan Hassan bilen duşuşdy diýip, Türkmenistanyň Habarlar portaly ýazýar.
Türkmenistanyň we Pakistanyň Baştutanlary döwletara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Pakistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlylygyny tassyklady. Bu barada sişenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň wekiliýeti fransuz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet 4-5-nji sentýabrda Fransiýa Respublikasynda saparda bolup, türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň meseleleri maslahatlaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Serdar Berdimuhamedow Guterrişe BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy
Türkmensitanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistan we Belgiýa ýokary derejeli hyzmatdaşlygy berkitmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi habar berýär. Duşuşyklarda iki ýurduň arasynda iň ýokary derejede gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.